Aýam çemani (indon. Ayam cemani, yav. Ayam cemani) Indoneziýada ösdürilip ýetişdirilýän towuklaryň seýrek bezeg tohumydyr. Bu adaty bolmadyk reňk fibromelanozyň döremegine sebäp bolýan agdyklyk edýän mutasiýa bilen baglanyşyklydyr.
Diňe bir daşky keşpinde däl, eýsem, myşsalarda, içki organlarda we süňklerde bar bolan melanositleriň sanynyň adatdan daşary köpelmegi sebäpli bu towuklaryň diňe daşky bedeni däl-de, içki myşsalary hem gara bolýar, ýöne gan we ýumurtganyň gabyklary adaty towuk tohumlaryndaky ýalydyr: reňkleri melaninler bilen baglanyşykly däl.
“Aýam” diýmek Indoneziýada horaz, towuk ýa-da jüýje diýmekdir. Aýam çemani erkek ýaşyl jeňňel towugynyň we aýal bankiw jeňňel towugynyň we öý towugynyň gibridi bolup durýar. Ýakyn ata-babasy, esasan, Russiýada ösdürilip ýetişdirilen gara aýam Kedu towuklarydyr. Merkezi Javawa welaýatynda şuňa meňzeş tohumlary gollandiýaly kolonial çarwalar tarapyndan suratlandyryldy. Ilkinji gezek 1998-nji ýylda gollandiýaly seleksioner Stean Steverink tarapyndan Ýewropa getirildi. Häzirki wagtda bu towugy Gollandiýada, Germaniýada, Slowakiýada, Belarusda tapyp bolar.
Guşda gara penjeler, dyrnaklar, tumşuk, dil, deri, tarak we sakgal, gabak, et, süňk we içki organlar bar. Horazlaryň ortaça agramy 2-2,5 kg, towuklar – 1,5-2 kg. Onuň ýumurtgasynyň agramy ortaça 45 gr. Bu tohum şeýle bir üýtgeşik we seýrek welin, Indoneziýada bir towugyň özi 200 dollar töweregi bolup, daşyndan bahasy birnäçe müňe ýetip biler – mysal üçin, ABŞ-da şeýle guş 2500 dollara satylyp bilner.
Uppsala uniwersitetiniň genetigi Leif Anderssonyň ýolbaşçylygyndaky halkara gözlegçiler bu hadysany anykladylar: EDN3 geni pigment öndürýän öýjükleriň işini kadalaşdyrýar. Näbelli sebäplere görä, bu geniň Aýam çemanyndaky işjeňligi adaty ýagdaýdan 10 esse ýokary bolup, towuklarda gandan başga hemme zady gara öwürýär. Indoneziýada guşlar ýerli sarp etmek üçin ýumurtga we et öndürmekde ulanylýar.
Dini dabaralarda we halk lukmançylygynda, şol sanda gan aýlanyş we dem alyş organlaryny bejermekde ulanylýar. Bu towuklar betbagtlykdan dynmak üçin gurban berilýär. Taýlandda tohumyň mistiki güýji bar diýlip hasaplanýar. Bali adasynda Aýam çemani horaz söweşlerinde ulanylýar.
Aýam çemani guşçulyk pudagy bilen gyzyklanýan Indoneziýanyň ýerli tohumlaryndan biridir. Ýerli tohumlar tropiki klimata has uýgunlaşýarlar, kesellere has az sezewar bolýarlar (Asasanam, aýam çemani guş gribiniň wirusyna ýokary çydamlydyr). Olaryň eti we ýumurtgalary tagamy üçin gymmatly we öndürmek üçin amatly bolýar. Tohumy düwünçek döwrüni haýal gecirýär. Ösüş döwrüniň uzalmagy, himiki düzümleriň etdäki konsentrasiýasyna täsir edýär, bu önümiň has ýakymly ysyna we tagamyna sebäp bolýar.
Aýam çemani towuk eti beloklara baý, az ýagy öz içine alýar we seýrek bolmagy we özboluşlylygyny bilýänler tarapyndan talap edilip bilner. Mysal üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gara reňkli (ýüpek) towuklar bölek satuw dükanlarynda köplenç duş gelýär we adaty bolmadyk görnüşleri sebäpli gaty meşhur. Ösen ýurtlarda (Germaniýa, Fransiýa) haýal ösýän towuklaryň önümçiligi bazaryň 10-40% arasynda bolýar we şeýle önümiň meşhurlygy yzygiderli artýar. Ýewropada Aýam çemani bezeg tohumy hasaplanýar.
Resulbek AŞYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.