Habarlar

Türkmen türgeni dünýä rekordyny täzeledi!

02-10-2024 / 397

Türkmenistanyň agyr atletikaçysy Şahzatbek Matýakubow Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýerine ýetirmegiň her görnüşinde we iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordyny goýup, üç sany altyn medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby 11 döwletden 13 türgenleriň arasynda 102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.

Şahzatbek Matýakubow alty synanyşygyndan bäşisini üstünlikli ýerine ýetirdi. Ştangany itekläp götermekde ilkinji iki synanyşykda ol 170 we 175 kilogram agramy galdyrdy. 180 kilogram agramy goýlan üçünji synanyşykda çykyş şowly bolmady. Muňa garamazdan, bäsleşigiň birinji görnüşinden soň, biziň türgenimiz ilkinji orna çykyp, yzýanyndan gelýän müsürli türgen Mahmud Hassandan 6 kilogram hem-de braziliýaly türgen Mateus Pessanýedan 7 kilogram agram öňde barýardy.

Ikinji görnüşde, birinji görnüşdäki ýaly, braziliýaly türgen üç synanyşygyň ählisini-de netijeli ulanyp, ştangany silterläp götermekde 215 kilogram agramy göterip dünýä rekordyny täzeledi. Ýöne, bu rekord iki minutdan uzak saklanmady, ony Türkmenistanyň 20 ýaşly sport ussady gaýtadan täzeledi.

Dünýä rekordy 216 kilogram agramy Şahzatbek Matýakubow 205 we 210 kilogram agramlary galdyrmak üçin ýerine ýetiren iki netijeli synanyşygyndan soň täzelendi. Eýýäm şunda ol agramy galdyrmagyň iki görnüşi boýunça dünýä çempiony derejesindedi. Oňa diňe ştangany itekläp götermekde ýene bir altyn medal gazanyp, öz adyny dünýä rekordçylarynyň sanawyna girizmek galypdy. Biziň agyr atletikaçymyz hem bu wezipä hötde gelip, «Best male lifter» («Erkekleriň arasynda iň oňat agyrlyk göteriji») baýragyna eýe bolmak ugrundaky ýaşlaryň dünýä derejesindäki ýaryşynda bu abraýly ada mynasyp boldy.

Şu ýylyň ahyryna çenli Şahzatbek Matýakubow üçin Bahreýnde 6–15-nji dekabry aralygynda uly ýaşly türgenleriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynda hem-de Katarda 19–25-nji dekabry aralygynda geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda rekordlary täzelemäge ýene-de mümkinçilik dörär. Şol ýaryşlarda ol rekord görkezijileriň hemme üçüsini gazanmak ugrunda güýç synanyşmagy maksat edinýär.

Atly GARRYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu