Habarlar

«C5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygy geçirildi

30-09-2024 / 359

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde «C5+1» formatyndaky duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda bu formatyň, şeýle-de ykdysadyýet, howpsuzlyk, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işiň netijeliligini belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýokarda agzalan we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatyndaky garaýyşlary mälim edildi.

Köptaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň strategiki ähmiýetli meseleleri boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen-amerikan gepleşikleri geçirildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu