Ýerasty orhideýa topragyň aşagynda çäkli ýerde ösýän seýrek görnüş hasaplanýar. Ol gadymy görnüş bolmak bilen, üýtgeşik ýaşaýyş siklini ýüze çykarýar.
1928-nji ýylyň ýazynda awstraliýaly Jek Trott öz bagynyň topragynda geň çatryklary gördi we has ýakyndan synlamak üçin ol çatryklara ýakynlaşdy, ol jaýryklardan gelýän ýakymly ysy aldy. Soňra çatryklaryň birini gazyp, içinden kiçijik bir ak gül açan ösümligi tapdy. Netijede, Trott oňa «Gardneriň Rizantellasy» diýip at berdi. Şonuň üçin bu gülüň watany Awstraliýa hasap edilýär.
Awstraliýadan tapylan bu gül bütin ömrüni ýer astynda geçirýär, onuň sekiz santimetrden uly bolmadyk boýy we gysga berk kökleri bar. Orhideýa Günüň energiýasyny özüne kabul edip bilmeýär. Şonuň üçin ol Melaleuca uncinata , Melaleuca scalena ýaly uly gyrymsy agaçlaryň köküne ýakyn toprak astynda ösýär. Şeýle hem kömelekleriň misseliýasynyň ýaýran zonalarynda ösýär. Kömelek misseliýalary agaç köki bilen gülüň dokumalaryna aralaşýar. Netijede, özüne gerek bolan energiýany we iýmitlik maddalaryny alýar.
Orhideýanyň tozanlanmasy örän kyn geçýär, tozanlanmadan soň tohumlarynyň ýetişmegi üçin 11 aý gerek bolýar. Ýer astynda ösýän orhideýany haýsy haýwanyň tozanlandyryp biljekdigi awstraliýaly alymlary gyzyklandyrdy. Olar Awstraliýanyň gündogaryndaky milli seýilgähde infragyzyl kameralary gurdular. Orhideýanyň ösýän ýerine uzyn burunly bandikontlaryň baryp görendigi ýüze çykaryldy. Ýagny bu mör-möjekler toprak aşagyndaky orhideýanyň ysyny alyp, ony tozanlandyrýarlar. Tozanlanmadan soň gaty gabykly «miwe» emele gelýär we ýere düşüp ýarylýar. Netijede, 150-ä golaý tohum topraga düşüp, ýene gögerişini dowam etdirýär.
Häzirki wagtda bu gül Gyzyl kitapda ýok bolmak howpy abanýan ösümliklere degişli edilip, ýokary derejede goralyp saklanýar.
Taganbibi ÇÜRJÄÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.