SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýolyşygyň taryhy: möhüm döwürler we öňegidişlikler

Muny bilmek gyzykly

29-09-2024 / 288

Ýolyşyk häzirki zaman şäherlerinde ýol hereketini sazlamak üçin ulanylýan möhüm enjam bolup, onuň taryhy şäherleriň we ulaglaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Ýolyşygyň taryhyna ser salanyňda, birnäçe möhüm döwürler we öňegidişliklere duş gelmek bolýar.

Dünýädäki ilkinji ýolyşyk 1868-nji ýylda Londonda, Britaniýanyň parlamentiniň öňünde oturdylypdyr. Bu yşyk gaz bilen işläp, diňe gyzyl we ýaşyl reňkli bolup, pyýadalar we at arabaly ulaglar üçin ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen gaz bilen işleýän bu yşyklar uly partlama netijesinde öz täsirini ýitiripdir.

Ilkinji elektrik ýolyşygy 1914-nji ýylda ABŞ-nyň Klýuwlend şäherinde gurlupdyr. Bu yşyklar gyzyl we ýaşyl reňkli bolup, ýörite signal seslerini hem çykarypdyr. Elektrik bilen işleýän bu yşyklar, gaz bilen işleýänlerden has ygtybarly bolup, ýuwaş-ýuwaşdan beýleki şäherlere hem ýaýrap ugraýar.

1920-nji ýylda ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroit şäherinde ilkinji üç reňkli ýolyşyk oturdylýar. Bu yşyk gyzyl, sary we ýaşyl reňklerden ybarat bolup, häzirki zaman ýolyşyklar we howpsuzlyk kadalarynyň ilkinji nusgasy bolupdyr.

XX asyryň ortalarynda we soňraky ýyllarda ýolyşyk sistemalarynda sensorlar, mikroulaglary idetmek, sanly tehnologiýalar we dolandyryş ulgamlary ýaly täze tehnologiýalar ulanylyp başlandy. Häzirki döwürde sanly ulgamlar we akylly şäher tehnologiýalary arkaly ýolyşyk ulgamlary awtomatlaşdyrylyp, ulag hereketini has netijeli we howpsuz dolandyrmak üçin ulanylýar.

Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu