LifehackSlider

Limony nirede nähili ulanyp bileris?!

29-09-2024 / 337

Limon şiresi ýaglary eretmek ukyby we ýakymly ysy sebäpli täsirli arassalaýjy serişde hasaplanýar. Islendik mebeldir gapylary ýuwanda ýa-da ak reňkli tehniki esbaplary agartmakda, arassalamakda limon şiresi gowy netije berýär. Limon kislotasynyň ähli görnüşleri tegmilleriň we hapalanmagyň öňüni alýar. Geliň, olaryň birnäçesiniň üstünde durup geçeliň:

Mikrotolkun peji arassalamak. Bir-iki limony inçe görnüşde dograp, ýarysyna çenli suw guýlan aýna gaba salyň. Bu gaby mikrotolkunly peçde 5 minut goýup işlediň. Bellenen wagtdan soňra gaby çykaryp gyzgyn wagty gury mata bilen süpüriň. Bu usul ähli tegmilleri, ýaglary we hapa galyndylary arassalar.

Bulgurlardaky (stakan) suw tegmillerini aýyrmak. Suwuň düzüminde birnäçe himiki elementleriň bardygy sebäpli, bulgur ýuwlanda tegmil galýar. Ony arassalamak üçin tegmillere ýarty limony sürtmeli ýa-da gap-gaç ýuwujy serişdäňize limon kislotasyny goşmaly. Şeýle edilende tegmillerden nam-nyşan galmaz.

Sowadyjydan ýakymsyz yslary aýyrmak. Bir sürtgüji limon suwy bilen mazaly ölläp, bir gije sowadyjyda goýuň. Ertesi gün sowadyjyňyzda ýakymly ys peýda bolar.

Aýna arassalaýjy spreý. Bir nahar çemçesi ak sirkäni iki nahar çemçesi limon suwy bilen garmaly. Bu erginiň içine bir bulgur gyzgyn suw guýup, mazaly garmaly. Spreý gabyna guýlan bu ergin aýna arassalamakda has gowy netije berer.

Gap-gaç ýuwujy enjamy arassalamak. Gap-gaç ýuwujy enjamlar üçin niýetlenilen ýörite ýuwujy kapsulanyň içine 2-3 limony sykyň! Gap-gaç ýuwujy enjamyňyzy durlamak tertibinde işlediň! Bu usuly hepdede bir gezek ýerine ýetirmek maslahat berilýär.

Aşhana tagtasyndaky tegmilleri arassalamak. Kesiş tagtasyna birneme duz sepiň we duzy ýarym limon bilen basyp sürtüň. Gowy sürtülenden soň, tegmilleriň ýüze çykmagy üçin 5 minut garaşyň we tagtany ýyly suw bilen ýuwuň!

Arzuw NURMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu