Makropinna ýa-da kiçi agyzly balyk (lat. Macropinna microstoma) – deňizde ýaşaýan şöhlelenýän balyklaryň bir görnüşidir.
Makropinna Opistoproktida (Opisthoproctidae) maşgalasynyň ýeke-täk wekilidir. Olaryň açyk reňkde kellesine ýanaşyk turbajyk şekilli gözleri balyklara görmäge ýardam edýär. Olaryň kelle bölegindäki gaty täsin gözleri ýyrtyjydan goranmaklyga, şeýle-de iýmit gözlemäge kömek edýär.
Ilkinji gezek bu balyklar baradaky maglumatlar 1939-njy ýylda öwrenilýär. 2004-nji ýylda bolsa ilkinji gezek surata düşürilýär. Bu balyklar örän çuňlukda ýaşaýar, şonuň üçin bular barada maglumatlary öwrenmek kyn hasaplanýar. Ilkibaşda bu balyklara diňe kellesiniň ýokarsyndaky gözleri arkaly kynlyk bilen töweregini görýär diýip düşünýärler. 2009-njy ýylda bu balyklaryň gözüniň gurluşy doly öwrenilenden soň, olaryň güýçli basyş astynda şeýle görnüşe eýe bolan gözleri hemme tarapy aňsatlyk bilen görmeklige ýardam berýändigi mälim boldy.
Makropinna Ýuwaş ummanyň demirgazyk böleginiň mylaýym suwlarynda duş gelýär. Şeýle-de Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Kuril adalarynda, Bering deňzinde, Kanadanyň we ABŞ-nyň günbatar kenar ýakasynda, Kaliforniýa adalarynda-da duş gelýändir. Bular 500-den 800 metr-e çenli çuňluklarda ýaşaýarlar we owunjak balyklar bilen iýmitlenýärler. Adaty ýaşaýyş şertlerinde olar hereketsiz ýa-da keseligine haýal hereket edýärler.
Şadyýan BAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.