Garaňky gijelerde şöhle saçýan tomzajyklar ertekilerdäki ýaly ajaýyp görnüş döredýärler. Olaryň döredýän şöhleleri gyzyl, ýaşylymtyl sary reňklerde bolup, dowamly şöhlelenip durýar.
Şöhleli tomzajyklaryň Ýer ýüzünde jemi 2 müňe golaý görnüşi subtropiki we tropiki ýerlerde duş gelýär. Olaryň 20 görnüşi köp ýaýran görnüşlerdir. Şöhleli tomzajyklaryň gündizine garynjalar ýaly işjeň ýagdaýda bolup, gijelerine topar gurap olaryň tans oýnaýşyny, dürli şekilleri emele getirişini göreňde aklyň haýrana galýar.
Şöhle saçýan tomzajyklar esasy Kawkazda, Ýaponiýada köp duş gelýärler. Demirgazyk Amerikada bolsa olaryň bir wekili, ýagny Fotinusa tomzagy ýaşaýar.
Gadymy döwürde adamlar şöhleli tomzaklary gündelik durmuşynda gaplara salmak arkaly peýdalanypdyrlar. Mysal üçin: meşhur däp-dessurlaryny ýerine ýetirenlerinde, belli senelerde Braziliýanyň gämiçileri yzyna öýlerine ugranda, hindiler aw awlamaga gidenlerinde şol tebigatyň täsin yşyklandyryjysyndan peýdalanypdyrlar we olar üçin bu tebigy yşyklandyryjylar amatly bolupdyr. Aw awlanýan wagtynda bu peýdaly şöhleli tomzajyklardan zäherli ýylanlar gorkupdyr.
Şöhle saçýan tomzajyklar gündizki işjeňlik döwründe dynç almak üçin gyrymsy agaçlarda, mohlarda ýa-da ýere gaçan ýapraklaryň arasynda saklanýarlar. Köplenç gijelerine aw awlaýarlar. Bular peýdaly mör-möjeklere hem degişli bolup, zyýankeş mör-möjekleriň garynjalaryň liçinkalary, ownuk möýler, sakyrtgalar bilen iýmitlenýär. Olaryň ýene bir ähmiýetli tarapy özleri feramon duzagy bolup, beýleki zyýankeşleri aldaýarlar we şolar bilen hem iýmitlenýärler. Bu garaňky gijeleriň bezegi bolan şöhle saçýan tomzajyklaryň mekir häsiýetleriniň biridir.
Orazdursyn GULLYKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby.