Habarlar

Aşgabatda dabaraly ýöriş geçirildi

27-09-2024 / 381

Şu gün – 27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş geçirildi.

Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldiler. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetleriniň hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy, ýokary kuwwatly harby tehnikalar görkezildi.

Soňra baş meýdançada baýramçylyk ýörişi guralyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri geçdiler. Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarladylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu