26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy.
Dabara sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylar, belli folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Şanly günde çykyş etmek artistleriň ussatlygynyň we zehininiň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Sahnada milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň nusgawy hem-de häzirki zaman eserleriniň iň gowy nusgalary ýaňlandy. Watanymyzy, onuň gözelligini, güýç-kuwwatyny wasp edýän özboluşly wokal-horeografik çykyşlar ýerine ýetirildi. Artistleriň eserlerine siňdiren ýürek duýgulary, zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme tapdy. Häzirki zaman audio-wideo tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.
«TürkmenGazet».