
1991-nji ýylyň güýzünde dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi.
Özbaşdaklygyň, özygtyýarlygyň, agzybirligiň, baky bagtyýarlygyň baýramy bolan Garaşsyzlyk toýy merdana pederlerimiziň arzuwlarynyň baýramydyr. Şu mynasybetli «TürkmenGazet» portalynyň adyndan ähli watandaşlarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Garaşsyzlyk bagtly, abraýly, üstünlikli menzillere atarsyn! Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren miwelerine guwanyp, buýsanyp, döwletli döwran süreliň! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudraty bilen gazanýan ýeňişlerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň dowamy dowamat bolsun!
Baş baýramyň gutly bolsun, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!