
Planetamyzdaky bütin janly-jandarlaryň deň ýarynyň tokaýlarda ýaşaýandygyny nazarda tutsak, onda edil häzirki ekologik ýagdaýda bar bolan 8,7 million bioköpdürlüligiň 1 milliondan gowrak görnüşine ýakynda ýitip ýok bolup gitmek howpy abanýar.
Eger-de ýok bolup gidäýse, şeýle bioköpdürliligi adamlar asla we asla yzyna gaýtaryp getirip bilmeýärler. Bu ýitip gitmek hadysasy biziň pikir edişimizden has çalt amala aşýar. Eger-de öndürilýän däri-dermanlaryň ep-esli mukdarynyň ösümliklerden alynýandygyny göz öňünde tutsak, onda olaryň ýitip gitmegi ynsan saglygy üçin örän uly howpuň abanýandygyny aňladýar.
Adamlaryň kem-kemden ýabany tebigata has ýakyn aralaşmaklary, agaçlary, tokaýlary ýok edip, ýaşaýyş ýerlerine öwürmekleri dürli ýokanç keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem-ä öz saglygymyz we rahatlygymyz üçin, hemem janly-jandarlaryň rahat ýaşamagy üçin planetamyzy agaçlara baý ýere öwürmegimiz gerek.
Ynsan haçan-da tebigat bilen sazlaşykly ýaşanynda durmuş gözelleşýär we tebigatyň eçilýän naz-nygmatlaryndan peýdalanyp bilýär. «Söýmeseň, söýülmersiň» diýlen söz tebigat üçin hem degişlidir. Tebigat barada alada etmesek, onuň hem biz hakyndaky aladasyny azaltmagy mümkin.
Merjen BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.