Talk English
«Talk English» okuwçylaryň iňlis dilinde gepleşik ukybyny kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Bu sahypada iňlis dilindäki makalalary, meşhur adamlaryň çykyşlaryny, ylmy çykyşlary, işewürlik baradaky gürrüňdeşlikleri okuwçylaryň bilim derejelerine görä saýlap bolýar. Wideoýazgynyň ahyrynda okuwçylaryň arasynda sowal-jogap görnüşinde gürrüňdeşlik geçirmek mümkinçiligi hem bar.
BrainPOP ELL
«BrainPOP ELL» internet sahypasy iňlis dilini öwrenýänler üçin niýetlenip, onda sapaklar derejelere görä bölünendir. Onda ýaş aýratynlyklaryna görä birnäçe wideoýazgylar hödürlenilýär. Olaryň hersi durnukly söz düzümleri, iňlis diliniň grammatik we leksik kadalary ýaly aýry-aýry temalara ýöriteleşdirilendir. Wideoýazgylarda okuwçylaryň söz baýlygyny ösdürmek, şeýle-de grammatik düzgünleri öwretmek maksady bilen görkezilýän dürli wakalar iki gahryman — ýaş oglan we robot arkaly öwredilýär. Bu web-sahypasy wideoýazgylardan başga-da, her sapaga degişli oýunlary, ýaryşlary, okuwçylaryň okamak ukybyny baýlaşdyrmak üçin dürli onlaýn çäreleri hödürleýär.
EdX
«EdX» mugallymlar üçin niýetlenen web-sahypa bolup, ol okatmagyň innowasion usullaryny öwrenmek, dürli synp otaglarynyň zerurlyklaryna düşünmek, okuwçylaryň psihologiýasyny öwrenmek ýaly onlaýn sapaklardan ybaratdyr. Şeýle hem bu sahypa tejribeli mugallymlaryň gözýetimini has-da giňeltmek we täze mugallymçylyk işine başlaýan mugallymlara iş öwrenmek üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.
Gamestolearnenglish
«Gamestolearnenglish» sahypasy adyndan belli bolşy ýaly, iňlis dilini oýunlaryň üsti bilen öwretmäge niýetlenendir. Ony onlaýn sapaklary gyzykly geçirmek üçin iň oňat saýtlaryň biri hasaplamak bolar. Bu web-sahypa iňlis diliniň grammatikasyny özleşdirmek we sözleri ýat tutmak üçin niýetlenendir. Mugallymlaryň oýunlary öz okuwçylaryna ýa-da geçilen tema görä üýtgedip bilmegi bu sahypanyň esasy aýratynlygydyr.
Güller ATDAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.