Islenik janly-jandaryň doly uklamagy üçin oňa bedeniniň rahatlyk we dynçlykda bolmagy şertdir. Emma bu düzgün guşlara degişli däldir. Olaryň gowy uklamagy üçin aýaklarynyň üstünde durmagy zerurdyr.
Beýleki janly bedenler üçin aýaklarynyň üstünde uklamagy rahatsyzlyga, agyrylara, ukusyzlyga sebäp bolmagy mümkin, ýöne guşlar beýle zatlardan ejir çekmeýärler. Aýaklarynyň myşsalary ýokary gurluşa eýedir. Olaryň uklan wagtynda aýaklary güýçli dartylyp, dyrnaklaryny agaja doly berkitmegi deňagramlylygy ýitirmän şahada durmagyna kömek edýär. Şol sebäpli guşlar şahalarda uklaýan wagtynda uýgunlaşma netijesinde güýçli şemalda ýa-da erbet howada gaçman saklanyp bilýärler.
Guşlar uklaýan wagtynda hiç hili hereket edip bilmeýärler. Kähalatlarda şahanyň döwülmegi ýa-da başga bir sebäp bolup gaçaýsa-da, derrew oýanýar we ýere degmezden ozal uçup ýetişýärler.
Guşlar şahalarda uklaýan wagtynda özlerini howpsuz hasap edýärler. Şol sebäpli şahalaryň çylşyrymly ýa-da iň ýokarky böleklerini saýlap, şol ýere gonýarlar.
Begzat MAŞARIPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 5-nji ýyl talyby.