Siziň üçin...Slider

Her gün, her sagat, her minut…

25-09-2024 / 374

Wagt geçip dur, her bir adam wagtyny bihuda geçiresi gelenok. Emma, muňa garamazdan, awtobus duralgasynda ýa-da awtobusda oturan adamlara seredende käwagt wagtyň boş ötürilýändigine — boş oturylýandygyna gözüň düşýär. 

Elbetde, okamak aýyp däl, okamazlyk aýyp. Internetde özüňe täze bir hat bukjasyny açyşyň ýaly, okamagam özüňe täze bir dünýäni açmakdyr. Hat bukjasyndaky hatlaryň mydama täzelenip durşy ýaly, okamagam adamyň düşünje görüşlerini, duýgularyny, garaýyşlaryny, pikirlerini täzeleýär ýa-da olara bir öwüşgin berýär. Okamak arkaly adamyň ruhy iýmitlenýär.

Ösýän ýa-da ösen döwletlere ser salsak, ýyllyk her bir adama düşýän kitap sany görnetin üýtgeýär. Ýaponiýa ýaly ösen senagatlaşan ýurda ser salanymyzda adamlaryň ähli ýerlerde — otluda, awtoulagda, maşynda, dürli jemgyýetçilik merkezlerinde hökman ellerinde gazet-žurnaldyr kitaplary görmek bolýar. Diýmek, okamak döwletiň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Ösüp barýan ýaş nesilleriň, ýaşlaryň akylyna, aňyna okalan zatlaryň has gowy ornaşýan döwrüdir. Şeýlelikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmegine diňe bilimli bolmak ýeterli däldir. Munuň üçin köp okamak gerek, köp bilmek gerek. Boş wagtlarymyzda, isle awtobusda bolsun, isle başga ýerde wagtymyzy boş geçirmäliň. Hudaýa şükür, ýurdumyzda gazet-žurnallar, kitaplar diýseň elýeterli. Ata-babalarymyz: «Ýöne oturandan çöp ýon» diýipdirler biziň. Her bir adam özüni gyzyklandyrýan zatlary gazet-žurnallardan hem tapyp bilýär. Şular ýaly ajaýyp mümkinçilikler döredilip durka, gol gowşuryp, boş durmak bize gelişmez. Döwletimiziň ösmegine goşandymyzy goşmak biziň borjumyz!

Ömür geçip barýar. Her geçen günem yzyna dolap bolanok. Bar bilýänjämiz bilen bazar eýlemäliň. Geliň, her günümizi, her sagadymyzy, her minudymyzy öz haýrymyza ulanalyň! Kitaplary köp okalyň!

Begenç RÄHMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň demir ýol ulaglary fakultetiniň talyby.
Halypa mugallym: Orazmyrat BERDIMYRADOW.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu