Bilimiň nähili möhümdigini adamlar birwagt düşündiler. Onsuz ýaşaýyş we ösüş agsaýar. Okuwçylar we mugallymlar üçin zerur şertler döredilýär. Ýöne biziň etjek gürrüňimiz bu babatda däl-de, eýsem, bilim boýunça gyzykly maglumatlar babatda bolar.
* * *
Oksford, Kembrij häzirki günde işleýän iň gadymy ýokary okuw mekdepleri hasap edilýär. Ýöne bu nädogry pikirdir. Iň gadymy uniwersitet Marokkanyň Karauin uniwersitetidir. Ol ilkinji talyplaryny biziň eýýamymyzyň 859-njy ýylynda kabul edipdir.
* * *
Okamak hiç wagt hem giç däl. Munuň şeýledigini amerikaly Elizabet Eýçelbaum öz mysalynda subut etdi. Ol togsan ýaşyny doldurandan soň «ylymlaryň doktory» diýen derejäni aldy.
* * *
Hakyky «baky talyp» britaniýaly Robert Kronin boldy. Ol 1948-nji ýylda Prinston uniwersitetiniň biologiýa fakultetine girdi. Ony gutarandygy hakyndaky diplomy bolsa 2000-nji ýylda, ýagny 72 ýaşynda aldy. Netijede, Robert Kronin okuwa 52 ýyl sarp edip, uniwersitetiň iň uly ýaşly uçurymy boldy.
* * *
Hindistanyň Lukanu şäherinde montessor ulgamy boýunça bilim berýän mekdep bar. Ol uly meşhurlykdan peýdalanýar. 2003-nji ýylda bu mekdebe girmäge isleg bildirenleriň sany 28 müň adama barabar bolupdyr.
* * *
1929-njy ýylda Çeroki graflygyndaky bir mekdebi tamamlan uçurymlar ajaýyp wepadarlygy we dostlugy görkezdiler. Olar hiç bir zada garamazdan, her ýyl duşuşypdyrlar. 74 ýyldan soňra uçurymlaryň duşuşygyna 30 adamdan diňe 9 adam gelipdir.
* * *
Germaniýada mekdebiň açylanynyň ýüzýyllygy bilen gutlamaga 2,5 müňden gowrak adam gelipdir. Munuň özi uçurymlaryň iň köpçülikleýin duşuşygy bolupdyr.
* * *
1986-njy ýylda amerikan alymy-gipnoterapewt Roland Dant iki günläp okuw nutugyny okady. Ol munuň üçin ummasyz galam hakyny, ýagny 3 million dollar aldy.
Şirin TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Halypa mugallym: Nurgeldi ÝAGMYROW.