Siziň üçin...Slider

Arzuwlaryňyzy durmuşda görmek isleýäňizmi?!

25-09-2024 / 360

Dünýä meşhur Garward uniwersitetiniň professorlarynyň talyplaryna ýygy-ýygydan berýän maslahatlarynda şeýle sözler bar: «Häzir uklasaň, elbetde, arzuwlaryňy düýşde görersiň! Eger ukynyň deregine okuwy, kitaby saýlasaň, arzuwlaryňy durmuşda görersiň!» Gepbaşy hökmünde şu jaýdar jümläni ulanmagymyzyň maksady hem kitabyň arzuwyňy hasyl ediji güýçdügini nygtamakdan ybarat.

Kitap hakynda oýa çümüp oturyşyma, serimde dürli pikirler aýagaldygyna at çapýar. Ilkinji okan kitabymdan başlap, soňkusyna çenli ýatlaýaryn, olary öz ýanymdan saldarlap görýärin. Ol kitaplaryň maňa eçilen peşgeşlerini sanaýaryn: kitap mekdepde mugallymyň öwretmedik durmuşyny öwretdi, çykgynsyz güne düşenimde, özüm ýaly gahrymanlaryň üsti bilen maňa kömege geldi, sözleýiş medeniýetini, söz baýlygymy ösdürdi, adamlar bilen söhbetleşenimde, öz aýtmak isleýän zatlarymy däl-de, olaryň diňlemek isleýän zatlary hakda sözlemegimi… Garasaý, kitabyň mendäki ähmiýetini sanap soňuna çykyp bilmekden ejiz gelsem gerek.

Dogrudanam, kitaplarda ähli zatlar bar, olar ähli tarapdan saňa täsir etmäge ukyply. Uçar ýasamakda bütin dünýäde özüni ykrar etdiren oýlap tapyjy A.Ýakowlew kitabyň ähmiýetini belläp, şeýle diýýär: «Ilkinji uçary men ýörite bilimim ýokka ýasapdym. Ýöne uly arzuwlaryň döremegine, kämilleşmegine kitap itergi berdi».

Özara söhbetdeşliklerde söhbetdeşleriň käbirisi kitap okamagyň diňe wagt ýitirmekdigini aýdýarlar. Ýok! Düýbünden ylalaşmaýaryn! Okamak — bu wagt sarplamak däl. Okamak — hereket etmek. Galyberse-de, okamak – wagtlaýyn zat, bilmezlik – ebedi.

Arzuwlaryňyzy durmuşda görmek isleýäňizmi? Baş üstüne, kitap älemine syýahat ediň!

Altyn AMANMYRADOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu