Göwün küýsegiSlider

Bir daragtyň gülleri

(Oýlanma)

23-09-2024 / 622

Ýarygije ele galam almagymyň ýene sebäbi bolduň, eje. Belki, şu mahal süýji ukuda ýatansyň, belki-de, seniňem seriňde düşnüksizje ünjüler at salýandyr. Käteler şeýle bolýandygy üçin gijeleri çirim etmän geçirýäniňi özüňem aýdýaň-a. Maňa-da soňky döwürler çagyrmadyk oý-pikirlerim maza berenok. Ömür kerwenimiň uzalýanyndanmyka?! Akylym ýetmejek zatlarda üntüşigim. Onsoň rugsat-ejazasyz geçip barýan wagty ilik-düwme sanap oturan sagadyň diline zol-zol seredip güýmenýän. Dynuwsyz hereketinden howsalamyň artýany onuň piňine-de däl. Meniňki artyk ýaly, şol bir yňan ugruna eňip barýar.

Durmuşymyň şu imi-salalygynda ruhy dünýämiň gözýetimine gol gerip duran söýgi älemgoşarynyň astynda ganat ýaýyp ýörkäm, gözüme uky gelmeýşine teý düşünip bilemok. Hanha, seret, otagyň bir çetinde agtyjagyň eýýäm süýji uka gidipdir. Onuň myssyldapjyk dem alşynyň sesi-de gulagyma gelip dur. Ýanynda ýatyp, kellä dynç bermegiň ýerine, ýene sen hakynda oýlaryň böwrüme dürtülmegi nämedenkä, eje?!

Çagakam düşünip bilmeýän zatlarymy senden sorap, olara beren jogabyň arkaly akyl ýetirerdim. «Öwrenen gylyk örkleseňem durmaz» eken. Ýene serime gelen oý-pikirlerden baş alyp çykyp bilmesem, olaryň çözgüdini tapmak üçin saňa ýüzlenýän. Diňleýäňmi, eje?! Bu wagt diňe hyýalymda sowal berýän. Bilýän-ä men, ozalam ýüregiňde biz hakynda ugurly-ugursyz ünji-aladalaryň, seriňde pikir-oýlaryň ýüküniň ýetikdigini. Geň ýeri, özüme degişli zatlaryň çözgüdini tapyp, birazajygam bolsa ýüküňi ýeňledeýin diýsemem, ýene bolanok — enelik ýüküň egsilenok. Seniň köp sözleriň manysy gözüme uky gelmeýän gijelerde aňryýany bilen aňyma ýetýär. Käteler kiçijek agtyjagyň garagollygyndan basylyp, ýanyňda kelam agyz zeýrenäýsem: «Kiçikä aladasam kiçidir, ulalsa, aladasam ulalar» diýýärdiň-ä, bu biz bilenem şeýle oguşýar… Garaz, aladamyzdan sypynaňok. Ýüregiňi ünjä salmak üçin bir bahanajyk tapaýýaň.

Hernäçe jan etsemem, ozal saňa düşünmeýän zatlarym juda kän eken, eje. Ýylyň möwsümi çalşanda deň-duşlarymyzdan kem galmazlyk üçin täze aýakgabadyr egin-eşige höwes edemizde, seniň köneje lybaslaryň hem aýakgabyň, öz aýdyşyň ýaly, «juda rahatlygynyň», gyzgyny bilen saçaga äberjek naharyňa bäşimiz bäş ýerden işdämenlik bilen garaşanymyzda, öz diýşiň ýaly, «doklugyň» sebäbine ene bolamsoň göz ýetirdim. «Är garrar, heňňam garramaz» diýleni. Öwrenenimi öwredip otyryn-da, eje.

Ak bazaryň bir başyndan giremde, ilki bilen, agtyjagyňa laýyk harytlarda gözüm eglenýär. Köplenç, özüm üçin kör-köpüklik söwda etmezden, hemmesini oňa sarp edýän. Onuň ine-gana ösüp-ulalmagy, ýüz-gözüniň gülmegi, deň-duşlaryndan kemsinmezligi üçin edil seniňki ýaly, gör, nämelere döz gelmeýän, neneňsi ýükleri gerdenimde çekmeýän?! Şu hakynda oýlana-oýlana, ukusyz gijelerde bir netije bilen daňymy atyrýan. Zenan enelige ulaşansoň, onuň ömür älemgoşaryna täze bir reňk goşulýan eken. Onuň şuglasy ömre öwüşgin berýär. Şol öwüşgin-de ene bolmagyň ähli hysyrdylaryny, ünji-aladalaryny zynatadyr lezzete öwürýär. Hiç bir ýagtylyk hiç bir dereje zenan durmuşyna şonuň ýaly ýalkaw hem mertebe eçilip bilmez. Ol zenana berilýän ylahy serpaýdan nyşan. Ylaýym, hiç bir zenan şol serpaýdan nesipsiz galmasyn!..

Eneligiň täsin dünýäsi zenanyň ömür daragtyny gülledýär. Köküni has çuňluklara, başyny has belende göterýär. Munuň üçin daragtyň berkligi, çydamlylygy hem sagdynlygy derkar. Seniň mähriňden — enelik daragtyňdan boý alyp, asmana ýetsem-ýetsem diýip telwas edýän şahalaryň bu gün gül açýar, käbäm. Seret, süňňüň bilen gül-pürçüge beslenipsiň-ä. Şonda-da şo-ol pespälligiň-dä. Şahalaryň uzyn boýuna, gülleriň anbar ysyna owsun atyp buýsanmaga haklykaň sessizje guwanýaň…

Ukusyz gijelerde magat göz ýetiren ýene bir hakykatymy aýan edeýin, eje. Seniň ýalyny gözlemedim. Sebäp tapmajagymy bilýän. Diňe bir zat — daragtyň şahalary bilen gol germesi, gülleri bilen anbar saçmasy ýaly, seniňem köňül hem keşp gözelligiň perzentleriňde dowam tapýar. Almanyň agajyndan daşa gaçmaýşy dek, perzendem eneden aýrybaşga tapawutly bolup bilmeýär. Biz — seniň dowamyň. Biz — seniň enelik daragtyň şahalary hem gülleri. Gün geçdigiçe saňa mahsus endiklere eýerýänimem şondan bolmaly. Saňa mahsuslyklaryň ömrüme, köňlüme hem keşbime ornamagy meniň üçin uly mirasdyr. Şol sebäpli käte-käte gözüme çiş kakýan gijelerdenem nägile däl. Olar ikimiziň meňzeşligimiziň alamaty bolup, buýr-bulaşyk pikirlerden halas edýän ap-aýdyň netijämiz bilen ak daňlara ýetirýär ahyryn.

Aýsenem GURBANOWA,
žurnalist.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu