Siziň üçin...Slider

Halkara parahatçylyk güni

21-09-2024 / 552

Ilkinji parahatçylyk güni 1982-nji ýylda bellenilip başlandy. Ilkibaşda bu baýram sentýabr aýynyň üçünji sişenbe güni – Birleşen Milletler Guramasynyň  Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş güni bellenildi. Bu güni bellemek baradaky karar 1981-nji ýylyň 30-njy noýabrynda BMG Baş Assembleýasynyň 36-njy mejlisinde kabul edildi. Şeýlelikde, 2002-nji ýyla çenli bu halkara güni sentýabr aýynyň üçünji sişenbesi bellenildi. Halkara parahatçylyk gününi 21-nji sentýabrda bellemek karary BMG Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisinde kabul edildi ( 2001-nji ýylyň 28-nji sentýabry). Şondan bäri her ýylyň 21-nji sentýabry dünýä döwletlerinde Halkara parahatçylyk güni (International Day of Peace) giňden bellenilýär.

Her ýyl 21-nji sentýabrda BMG-de dürli çäreler geçirilýär. Günüň açylyş dabarasy BMG-nyň Baş sekretarynyň ýüzlenmesi bilen başlanýar, şondan soň Parahatçylyk jaňy kakylýar. Bir minutlyk dymyşlykdan soň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy ýüzlenme bilen çykyş edýär. Parahatçylyk jaňy Afrikadan başga ähli yklymlaryň çagalary tarapyndan sowgat edilen teňňeleriň eredilip, ýörite galyba guýmak arkaly ýasalýar. Onuň ýüzünde bolsa ,,Ýaşasyn, dünýä  parahatçylygy!” atly ýazgy ýazylýar.

Halkara parahatçylyk güni her ýyl bir mowzuk bilen bellenilýär. Käbir mysallara ýüzleneliň:

  • 2007 ýyl – “Parahatçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýokary çagyryşy”.
  • 2008 ýyl- “Adam hukuklaryny we parahatçylygy goramak”.
  • 2009 ýyl – “Ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk”.
  • 2010 ýyl – “Ýaşlar parahatçylyk we ösüş üçin”.
  • 2011 ýyl – “Parahatçylyk we demokratiýa: Pikiriňizi beýan ediň”.
  • 2012 ýyl – Durnukly geljek üçin durnukly dünýä.
  • 2013 ýyl – Parahatçylyk üçin bilim.
  • 2014 ýyl – “Halklaryň parahatçylyk hukugy”.
  • 2015 ýyl – “Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk – hemmeler üçin adalatly iş”.
  • 2016 ýyl – “Durnukly ösüş maksatlary: Parahatçylyk esaslary”.
  • 2017 ýyl – “Parahatçylyk üçin bilelikde hemmelere hormat, howpsuzlyk we mertebe”.
  • 2018 ýyl – “Parahatçylyk hukugy: Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy (70 ýyl)”.
  • 2019 ýyl – “Parahatçylyk üçin howa hereketi”
  • 2020 ýyl – ” Dünýäni bilelikde şekillendirmek.

Enetäç MYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu