22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly,//Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler.
Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň goldawyna mynasyp boldy. Aýdym-saz sungatynyň ussatlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Olar liriki eserleri, köpçüligiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny, täze eserleri ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen «Ýaşa, ýaşa, ýaşa Siz, uzak ýaşaň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly», «Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdymlar dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen «Ömrüň uzak bolsun, Arkadagly Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
«TürkmenGazet».