PsihologiýaSlider

Güller — dünýämiziň bezegi

20-09-2024 / 485

Güller diňe bir daşky dünýämize görk bermän, ynsan saglygyna hem köptaraplaýyn täsir edýär. Nýu-Jersi uniwersitetiniň psihologlary tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesine görä, gülleriň durmuşymyzda bolmagy ynsan saglygyny, emosional ýagdaýyny biziň pikir edişimizden hem ep-esli derejede gowulaşdyrýar.

Sowgat hökmünde alnan bir çemen gül, penjiräniň öňünde duran otag gülleri ýa-da bagdaky ösüp oturan al-elwan güller bolsun, tapawudy ýok, olaryň her biri bize oňaýly täsir edýär. Gülleriň bu häsiýeti gadymy döwürlerde hem belli bolupdyr. Hatda näsaglaryň bejerginiň bir görnüşi bolan gül suwuna ýuwulmagy-da irki döwürlerde belli bolupdyr. Gülleriň dürli görnüşleri bolup, olar daşky görnüşi, reňki, ysy boýunça tapawutlanýar we her ynsanyň-da halaýan güli bolýar.

Gülüň ysy bize nähili täsir edýär?

Biziň duýýan yslarymyz biziň ruhy we fiziki ýagdaýymyza täsir etmek bilen, ol aromaterapiýada subut edilen. Käbir gül yslary adamyň ruhuny göterýär, şähdini açýar.

Bägül. Ähli ýerde diýen ýaly iň ýörgünli gülleriň biri bolan bägüller islendik ýagdaýda hem diýseň ýakymly sowgatlyk bolup, ol söýginiň gülüdir. Otagyň içinde ol rahatlyk duýgusyny döredýär, baş aýlanmany, kelle agyryny aýyrýar, döredijilik ukybyň ösmegine ýardam edýär.

Çigildem. Ýaz paslynyň gelşigi bolan çigildem güli ynsanyň şähdini açmak bilen, işjeňligini ýokarlandyrýar, ruhubelentlige atarýar.

Liliýa. Olaryň köp görnüşleriniň ýakymly ysy bolup, pikirlerimizi täzelemäge, durlamaga, erbet pikirlerden saplanmaga kömek edýär.

Piona. Ukyny gowulandyrýar, işjeň hereketi üpjün etmek bilen, aladalary azaltmaga itergi berýän özboluşly ruhy güýji döredýär.

Orhideýa. Öýde ýa-da iş ýerinde orhideýalaryň dürli görnüşleri özüne çekiji bezeg bolup hyzmat edýär, ýadawlygy azaldýar. Ýakymly ysy ýaýratmak bilen, ruhy güýç berýär.

Gülüň reňki bize nähili täsir edýär?

Bize gülleriň diňe bir ysy täsir etmän, olaryň reňki hem täsirini ýetirýär. Köp ýagdaýlarda sowgatlyk üçin gülleriň reňki ýörite saýlanyp alynýar. Mysal üçin, gyzyl gül güýçli energiki duýgyny oýarýar, gormonlaryň güýçli bölünip çykmagyna itergi berýär, fiziki işjeňligi gowulandyrýar. Sary güller immuniteti gowulandyrýar, oňyn pikirlenmäge ýardam edýär.

Gülälek JEPBAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu