
«Medical Xpress»-iň habar bermegine görä, «ChatGPT» çat-boty tejribelik geçýän lukmanlara garanyňda, çagalarda çylşyrymly dem alyş kesellerini anyklamakda has gowy netijeleri görkezipdir. Edinburgda ýerleşen Çagalaryň we ýaşlaryň Patyşalyk keselhanasynda geçirilen barlagyň dowamynda «ChatGPT» mukowissidoz, demgysma we döş kapasasynyň ýokanç keselleri ýaly, çylşyrymly kliniki ýagdaýlary anyklamakda üstünlik gazandy. Barlagçylar hakyky durmuşda duşýan kliniki ýagdaýlary ulandylar we tejribesi dört aýdan az bolmadyk ýaş lukmanlaryň we emeli aňyň öňünde kesel kesgidini anyklamak boýunça çylşyrymly meseläni goýdular.
«OpenAI» tarapyndan işlenip düzülen «ChatGPT 3.5»-iň jogaby iň ýokary orta bal — mümkin bolan 9 baldan 7 bal alyp, iň «ynsanperwer» jogap diýlip ykrar edildi. «Google Bard» hem-de «Microsoft Bing» pes netijeleri görkezdiler we hünärmenler olaryň jogaplarynyň tebigatyny aňsatlyk bilen ýüze çykardylar. Barlag emeli aňyň keselleri anyklamakda gymmatly gural bolup biljekdigini, ýöne kliniki tejribä ornaşdyrmazdan ozal onuň takyklygyny we howpsuzlygyny öwrenmegiň möhümdigini görkezdi.
«TürkmenGazet».