Zehinli, giň gözýetimli pikirlenip bilýän ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, talyplaryň ylmy we döredijilik pikirlenişini, barlaglary geçirmek başarnyklaryny ösdürmek, olary BMG-niň DÖM-den gelip çykýan möhüm oba hojalyk wezipelerini özbaşdak çözmäge itergi bermek baş wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini geçirer.
Bäsleşige gatnaşmaga ýokary okuw mekdeplerinde näçinji ýyl okaýandygyna we hünärine garamazdan, gyzyklanma bildirilýän talyplaryň ählisi çagyrylýar. Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus. Bäsleşigiň geçirilmegi oba hojalygynyň durnukly ösüşine hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde suw çeşmelerinden rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Bäsleşik şu 3 ugur boýunça geçirilýär: Oba hojalyk taslamalary; IT-taslamalary; Işewürlik taslamalary. Ýaryş iki tapgyry özünde jemläp, şolaryň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öz işlerini ylmy-taslama ýazgysy we tanyşdyrmalar görnüşinde görkezerler.
Iberilen işleriň eminler topary tarapyndan geçirilen seljermeleriniň netijesi boýunça II tapgyra geçen talyplaryň sanawy 10-njy oktýabrda institutyň saýtynda ýerleşdiriler. Bäsleşigiň 16-17-nji oktýabrda onlaýn ýagdaýda geçiriljek II tapgyrynda oňa gatnaşyjylar Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde öz ylmy-taslamasy boýunça tanyşdyrmalary bilen çykyş etmeli bolarlar.
Bäsleşigiň ugurlarynyň üçüsiniň hersi boýunça I, II we III orunlar baha berilmegiň ähli görkezijileri boýunça toplanan utuklaryň jeminiň esasynda kesgitleniler. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Işleri bellige aldyrmak hem-de bäsleşik baradaky beýleki maglumatlar Türkmen oba hojalyk institutynyň saýtynda ýerleşdirilendir.
Ogulşat BÄŞIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.