Siziň üçin...Slider

Oklukirpi palmasy

Täsin tebigat

17-09-2024 / 262

«Rhapidophyllum hystrix» — palmanyň dünýäde iň sowuga çydamly we şonuň bilen birlikde köp görnüşli «Rhapidophyllum» maşgalasynyň ýeke-täk wekilidir. Tebigatda ol ABŞ-nyň günorta-gündogaryndaky batgalyklarda duş gelýär.

Bu palmany sowuga çydamlylygy we  -200 C -a çenli aýaza çydamlylygy sebäpli,, daşky tebigy şertlerde-de ösdürip bolýar. Onuň ýene-de gowy aýratynlykly taraplary bu palmanyň boýy gaty uzyn däl (1-3 metr), şeýle-de  özüne çekiji gür tikenli gabyga eýedir.

Agajyň türkmen dilindäki ady oklukirpi palmasy latyn dilindäki «Rhapidophyllum» — «iňňeli ýapraklar»,  «hystrix» — «oklukirpi» diýen sözlerden gelip çykandyr. Biziň şertlerimizde bu palmany ösdürip ýetişdirmek kyn däldir. Ösüş döwrüniň ilkinji üç ýylynda ýörite gaplarda diňe daşarda tomsuna ösdürmek maslahat berilýär. Gyşyna bolsa ony içerde položitel temperaturada ösdürmek amatlydyr. Üç ýyldan soň palma biziň şertlerimize doly adaptasiýa geçýär. Şonuň üçin ony üç ýyldan soň otluk meýdanlara oturdyp bilersiňiz.

Beýleki sowuga çydamly görnüşler ýaly oňa suwy we howany gowy geçirýän toprak hem-de günorta ýapgyt meýdan gerekdir. Bu palma -280C-a çenli sowuga çydamlydyr. Gyşyna palmanyň iň uly duşmany aýaz däl-de, topragyň artykmaç çyglylygydyr, bu bolsa palmanyň kökleriniň çüýremegine getirip bilýändir. Ýaz paslynda owadan ajaýyp keşbi bilen bu palma baglaryň görküne görk goşýar. Palmanyň bu görnüşi diňe bir ýaz pasly üçin däl-de, gyş pasly üçin hem amatly dekoratiw görnüş bolup hyzmat edip bilýär.

Kerwen AGAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu