2005-nji ýylda Maldiw adalarynyň birinde – Rangal adasyndaky ,,Conrad Maldives Rangali Island” myhmanhanasynda diňe bir Maldiwiýa üçin däl, eýsem, bütin dünýä boýunça ilkinji suwasty restoran açyldy.
Ol restoran ,,Ihtaa’’ diýip atlandyryldy. Maldiw dilinde terjime edilende ,,Hazyna” diýmekligi aňladýar. Restoran birnäçe korallaryň we suw ýaşaýjylarynyň köpçülikleýin ýaşaýan ýerinde, 5 metr çuňlukda ýerleşýär. Suw ýaşaýjylaryndan pyşdyl, balyklaryň dürli görnüşleri, hatda ýyrtyjy balyklar hem köpçülikleýin duş gelýär.
“Ihtaanyň” zaly 14 adamlyk üçin niýetlenendir, onda ýewropa tagamlary taýýarlanýar. Restoran günortan we agşamlyk işleýär, 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň köpçüligi günortan wagty barýarlar. “Ihtaa” diňe bir naharlanmak üçin däl, eýsem, toý we beýleki ýubileý agşamlaryny geçirmek üçin hem niýetlenendir.
2010-njy ýylda onuň durky täzelendi. 2014-nji ýylda “New Ýork Daily News” gazetinde “Iň owadan restoran” ady bilen çapdan çykdy.
Hudaýberdi AZADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.