Habarlar

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar guraldy

09-03-2021 / 4
Çeşme: TDH.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana hem-de ýurdumyzyň ähli zenanlaryna, edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, okuwçy gyzlara we çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara pul sylaglaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekipdi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de etraplarynda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri hormatlamak dabaralary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Mundan başga-da, milli Lider köp çagaly maşgalalara täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak barada beren tabşyryklary mährem eneleriň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterdi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy boldy. Olar dürli ugurlarda, jemgyýetçilik we hünär durmuşynda, ýaş nesilleri terbiýelemekde, milli medeni mirasymyzy wagyz etmekde, harby we hukuk goraýjy düzümlerde işjeňlik görkezmekde, oba hojalygyny we telekeçilgi ösdürmekde uly üstünlik gazanan zenanlardyr.

Ýurdumyzyň edaralarynda we kärhanalarynda, ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş düzümlerinde, okuw jaýlarynda enelere, gelin-gyzlara bagyşlanan dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylaglary gowşuryldy.

Şeýle-de 8-nji martda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk konserti geçirildi. Onda meşhur estrada aýdymçylary, dürli aýdym-saz we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri çykyş edip, gelin-gyzlary mübäreklediler. Türkmen döwlet tans toparynyň artistleri, “Dokmaçylar”, “Serpaý”, “Galkynyş” folklor toparlary, “Meňli” tans topary aýdym-sazly çykyşlaryň dabarasyny belende göterdiler. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, döwrebap çykyşlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, hindi, türk, özbek, gazak we ermeni halklarynyň aýdymlary ýaňlandy. Bu ýerde guralan dabara köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri we dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Şeýle hem baýramçylyk dabarasyna daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilihanalarynyň, halkara düzümleriniň aýal-gyzlardan ybarat wekilleri çagyryldy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu