14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty açyk diýlip yglan edildi.
Maslahatda halkymyzyň abadançylygyny we Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar hem-de dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar barada giňişleýin maglumat berildi.
Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy. DTYB-nyň XXV maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
«TürkmenGazet».