Her gün biz bir meseleni çözmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýöne köp ýagdaýlarda näbelilik we şüphe duýulýar. Her bir kabul edilmedik karar psihikada galýar. Şeýle kararlar köp bolanda, psihologiki dartgynlyk ýokarlanýar we biz rahatsyzlygy we gaharjaňlygy başdan geçirýäris. Kararlary çalt kabul etmekde psihologlardan birnäçe maslahatlar:
Tejribe almaga taýýarlykly boluň. Kabul eden kararlaryňyzdan bolup biljek zyýany bahalandyrmaga synanyşyň, netijeleri barada pikirleniň. Olary nädip azaldyp bilersiňiz? Şowsuzlykdan nädip yza çekilmelidigini bilýän bolsaňyz we onuň netijelerini öwrenip bilseňiz, bu saýlawlary aňsatlaşdyrar.
Gorkularyňyz bilen işläň. Gorkular karar kabul etmäge päsgel berýärler we olar, köplenç, ýalan bolýarlar. Şeýle kynçylyklardan gutulmak üçin strategiýalary düzüň. Beýniňize bu emele gelen ýagdaýdan gutulmak üçin meýilnama möhümdir. Aýdylyşy ýaly, bir ýere girmezden ozal, nädip çykyp boljagyny düşünmeli.
Maýa goýumlaryna, peýdalaryna we bolup biljek ýitgilere baha beriň. Saýlamak üçin çykdajylaryň, mümkin bolan peýdalaryň we ýitgileriň sanyny deňeşdirmeli. Ýöne girdeji mümkin ýitgilerden ýokary bolsa, bu ýagdaý has-da gyzykly bolýar. Üstünligiň we şowsuzlygyň ähtimallygyna baha bermegi ýatdan çykarmaň.
Saýlamaga bolan wagtyňyzy çäklendiriň. Karar bermek üçin möhletiňiz bar bolsa, saýlamak has aňsat. Oýlanmak üçin wagtyňyzy çäklendirmäge synanyşyň. Näçe köp pikirlenseňiz, şonça-da şüphe döräp biler. Emma olaryň köpüsi hyýal.
Taýýarlan: Aýgül ŞAMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby.