Elbetde, gürrüňi ediljek bolýan gök ekinimiz bolan pomidora otjumak görnüşinde gündelik durmuşymyzda hem duş gelýäris. Emma pomidoryň agaç formasy köp adamlar üçin nämälimdir. Pomidor agajy diňe bir iýmitlik üçin däl, eýsem, bezeg hökmünde hem ekilýär. Onuň watany Günorta we Merkezi Amerika hasaplanýar.
Bu agajyň ýabany görnüşleri Peruda, Çilide, Braziliýada duş gelýär. Ýyly klimatly ýerlerde bezeg hökmünde hem ösdürilip ýetişdirilýär. Pomidor agajynyň ömrüniň dowamlylygy 15 ýyla ýetýär. Satmak üçin niýetlenen miwelerine «Agaç pomidory» diýilýär.
Ýaşaýyş şekili boýunça – hemişe ýaşyl öwüsýän ýaprakly gyrymsy agaja degişli. Bu agajyň beýikligi 2-3 metre ýetýär. Ýaprak plastinkalary uly we süýri şekilde, gülleriniň reňki gülgüne-sarymtyl reňkli. Miwesi süýri şekilde, miwesiniň reňki sortuna baglylykda üýtgeýär. Pomidoryň miwesiniň daşky gabygy galyň, etlek ýeri gülgüne gyzyl reňkli, tagamy örän süýji, turşulygy pes derejede. Howanyň temperaturasy 24-25 gradus bolanda ösmegi üçin amatly hasaplanýar. Eger-de 10 gradusdan aşak düşse pomidor güllemeýär we ösüşini togtadýar. Pomidor agajyny, klimatyna baglylykda, açyk topraklarda hem-de ýyladyşhanalarda emeli usulda ösdürip ýetişdirmek bolýar.
Ýyladyşhana şertlerinde ösdürip ýetişdirmek üçin gerek bolýan materiallar:
- Giň meýdan
- Iýmitlendiriji garyndylary döretmek üçin preparatlar.
- Ýyladyşhananyň daşyny örtmek üçin polietilen plýonkalar
- Agajyň düýbüni oturtmak üçin demir baçoklar
- Köküň dem alşyny sazlap durýan nasoslar
Bir agajynyň tutýan meýdany 40-50 m2, ýyl boýunça hasyllylygy 1,5 tonna ýetýär, topraga bolan talaby: mes, ýumşak, toýunsöw topragy halaýar. Bir möwsümde bir sany orta boýly pomidor agajyndan 1000-1500 kilograma çenli pomidor almak bolýar.
Pomidor agajy ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende «Gidroponika» usul bilen ösdürmek has amatlydyr. Bu usulda topraksyz emeli şertlerde ösdürilýär, iýmit maddalary suwly ergin bilen köküň töweregine goýberilýär. Şeýlelikde, iýmitlik maddalar, suw, toprak, dökünler tygşytlanýar. Pomidor agajynyň täsin agaç F1, ýapon agaç, italiýan agaç ýaly sortlary bar. Pomidor agajynyň miwesi süýji naharlary, kompotlary, desertleri, dürli salatlary taýýarlamakda giňden ulanylýar.
Gülbahar HYDYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.