Angor towşany adaty towşanlardan düýbünden tapawutlanýar. Bu towşanyň tüýleri mymyjakdan ösgün bolup, 15-25 santimetre, agramy bolsa 6 kilograma çenli ýetýär. Ony daşyndan synlanyňda, togalak şary ýatladýar.
Şeýle görnüşdäki towşanlary XVIII asyrda ilkinji gezek fransuz deňizçileri Ýewropa getirýärler. Olary owadanlyk üçin ýörite köpeldýärler. Şol döwürlerde angor towşanlary patyşalaryň öý haýwanlarynyň arasynda aýratyn gowy görlüpdir. Sebäbi olaryň häsiýetlerinde ýumşaklyk, mylaýymlyk bar. Gülkünç hereketleri bilen görenleri özüne çekýärler. Bu towşanlar bökmegi, adamlar bilen oýnamagy diýseň halaýarlar. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, olaryň tüýleriniň ösgündigi sebäpli her aýda gyrkyp durmaly bolýar.
Angor towşanlarynyň reňklerine, tüýleriniň mymyklygyna, ululy-kiçiligine görä, atlas, gigant, ak sütükli ýaly görnüşleri bolýar. Bu towşanlar 5-7 ýyla çenli ýaşaýarlar.
Begenç WEPAÝEW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakutetiniň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby.