Siziň üçin...Slider

Häzirki bilim ulgamy Wizantiýada döräpdir

13-09-2024 / 278

Bar bolan maglumatlara görä, ilkinji mekdepler gadymy Müsür döwletleriniň döräp başlan ýyllarynda ýüze çykyp ugrapdyr. Ol mekdeplerde döwlete hyzmat etmeli kätipler we hasapçylar taýýarlanylypdyr.

Häzirki döwürde hereket edýän ählumumy bilim ulgamy ilkinji gezek Wizantiýa döwletinde, takmynan, 425-nji ýylda ýola goýlupdyr. Bu ulgam harby maksatlar üçin ulanylypdyr. Irki döwürlerde mekdeplerde bar bolan synplar dürli ýaşdaky okuwçylardan düzülipdir. Bir dersiň dowamynda ululy-kiçili çagalar dürli dersleri özleşdiripdirler. Käbirleri şol bir dersiň dowamynda matematikanyň inçe syrlaryny öwrense, beýlekileri himiýany ýa-a edebiýaty özleşdiripdirler.

Çeh pedagogy Ýan Amos Komenskiy (1592-1670 ý.) ilkinji bolup täze synp-sagat ulgamyny ýola goýupdyr. Ol ulgama görä, birmeňzeş ýaşly okuwçylar üçin ýörite topar düzülipdir, ýagny bir synpda birmeňzeş ýaşly okuwçylar okapdyr. Olarda bir dersiň dowamlylygy 45 minutdan ybarat bolup, dersler umumy meýilnama esasynda alnyp barylypdyr. Okuwçylar 45 minudyň dowamynda öňki ýaly dürli dersleri däl-de, bir dersi özleşdirmäge başlapdyrlar. Ulgamyň bu görnüşi özüniň gowy netijelerini bermegi, onuň biziň günlerimize çenli dowam etmegine getiripdir. Komenskiniñ pikirine görä, bilim ulgamynyň esasy wezipesi okuwçylaryñ özbaşdak pikirlenmek ukybyny ösdürmekden ybaratdyr.

Gurbanjemal ATAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu