Siziň üçin...Slider

Ilkinji tikin maşyny haçan döredildi?

13-09-2024 / 401

Ilkinji tikin maşynlarynyň XIV asyrda Gollandiýada peýda bolandygy aýdylýar. Bular galyň matalary tikmek zerur bolanda, ýelken tikmekde ulanylýan gaty täsirli ölçegli tigirli mehanizm bolupdyr.

Bu tikin maşyny ne oýlap tapanyň ady, ne-de bu mehanizmleriň şekili saklanylmandyr. Orta asyr ussahanalary önümçilik syrlaryny gabanjaňlyk bilen saklaýardylar. Soň Leonardo da Winçi şuňa meňzeş bir mehanizm döretmäge çalyşypdy, ýöne bular diňe görkezme görnüşinde bolup galypdy.

13-nji iýunda tikin maşynlary güni resmi däl baýramçylyk hünärmenler tarapyndan bellenilip geçilýär. Bu senagat rewoýusiýasynyň bir bölegine öwrülen we diňe bir ýeňil senagatda öwrülişik döretmäge mümkinçilik berýän bu oýlap tapyşyň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydyr.

Tikin maşynlarynyň taryhynyň ösüşi XVIII asyrada has köpçülikleýin önümçilik döwri Ýewropada başlan wagtyna degişlidir. 1755-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Karl Wizental el tikinini köpeldýän tikin maşynyny halka hödürledi, esasy elementi bolup ortarasynda gözli iňňesi bolup durýar. 1791-nji ýylda iňlis oýlap tapyjysy Tomas Sankt tikin maşynyny döredipdi. Ýöne onuň tikin maşynynyň tikişiniň hiliniň pesligi we işleýşindäki oňaýsyzlygy sebäpli giňden ulanylmady.

Hakyky tikin maşyny hasaplanyp bilinjek ilkinji tikin maşyny, fransiýaly Bartelemi Timonieriň oýlap tapyşy boldy. 1831-nji ýylda Bertelemi Timonier zawod açdy. Ýöne onuň işleri şowsuz gutardy. Mundan başga-da, şu güne çenli birnäçe tikin maşynlaryň häzirki zaman görnüşleri oýlap tapyldy we durmuşa ornaşdyryldy.

Gunça OTUZOWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu