Danang Günorta Hytaý deňziniň kenarynda ýerleşýän Wýetnamyň iň uly we iň köp ilatly şäherlerinden biridir. Ol ýerleriň howa şertleri ýumşak we ýyly bolup, dünýä belli şypahana öwrülmek üçin ähli şertler ýeterlikdir. Emma şu wagta çenli ol syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmändi.
Bu ýere gelenler Danangyň kenarlaryny dünýädäki iň gowy kenarlaryň biri hökmünde ykrar edýärler. Has köp adamy özüne çekmek üçin şäher häkimligi golaýda gözegçilik merkezini açmak kararyna geldi. Bu pikir deňiz derejesinden 1414 metr belentlikde gurlan egri pyýada köprüsi görnüşinde öz beýanyny tapdy.
Ýerli häkimiýetleriň atlandyryşy ýaly, «altyn köpri» gaýadan çykýan iki sany ullakan eli «goldaýar». Pyýada zolagynyň uzynlygy 150 metre barabar. Bu köpri jülgäniň ajaýyp görnüşini: tokaýlary, meýdanlary we Danang şäheriniň özüni synlamaga mümkinçilik berýär. Wýetnamdaky täze syýahatçylyk merkezi öz işini gowy ýerine ýetirýär. Bina baradaky maglumatlar açylandan eýýäm birnäçe günden soň bütin dünýä ýüzüne çalt ýaýrady.
Žahan MIRABOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.