Slider

Ýollar abat — iller abat

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

10-09-2024 / 12

Ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.  Bu ugurda durmuşa geçirilýän anyk çäreleriň biri hem her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen geçirilýän biraýlykdyr. Biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryndan ugur alýar.

Dogana-dosta uzaýan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, kadaly hereketi üpjün edýän ýolyşyklaryň hem-de beýleki degişli ýol belgileriniň bolmagy sürüjilere, pyýadalara amatly şertleri döredýär. Giň ýollarymyzdaky döwrebap ýol belgileridir ýol çyzgylary hereket howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir. Şular bilen baglylykda, häzirki wagtda degişli düzümler bilen bilelikde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda yzygiderli düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini geçirilýär, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edilýär.

Ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemmämize bähbitdir. Şonuň üçinem ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde her birimiziň goşandymyz bolmalydyr. Ömürleriň rahatlygyny kepillendirýän ýol hereketiniň howpsuzlygy, ilkinji nobatda, özümiz üçin, galyberse-de nesillerimiz üçin iň esasy zerurlyklaryň biridir.

Ýurdumyzda her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygaryň astynda biraýlyk çäreleriniň geçirilmegi raýatlarymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetçilik aňyny ýokarlandyrmakda, ömrümiziň howpsuzlygyny gazanmakda, döwletimiziň abadanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu