Habarlar

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

12-09-2024 / 51

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegi iberildi.

Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, özara goldaw bermek ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýar, dostlukly döwletiň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw berýär.

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyz dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär we goňşy ýurtlar, şeýle-de sebit döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Sähra KERIMBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu