Ösümlikler dünýäsi özüniň täsinligi we owadanlygy bilen ählimizi haýrana goýýar. Olar özüniň daşky görnüşi boýunça däl, eýsem, miwesiniň täsinligi we peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Şeýle täsin hem peýdaly miwesi bilen tapawutlanýan ösümlik mango miwesidir.
Mango Günorta-Gündogar Aziýada giňden ýaýran ösümlik. «Mango» sözi terjime edilende,, «beýik miwe» diýmekligi aňladýar. Şol sebäpli hem ýerli halk mangony «miweleriň şasy» hem diýýär. Beýik we uly miwe mango düzüminde köp mukdarda witaminleri we minerallary saklaýar. Dünýäde mangonyň 300-den gowrak görnüşi bolup, olar özüniň reňki tagamy sorty boýunça dürli-dürli hasaplanýar.
Mango barada birnäçe rowaýatlar hem bar. Rowaýata görä, Hindistanyň Assam welaýatynda Budda ullakan mangonyň miwesini ýere ekilende we gün ýagtylananda miwe hem öwüşgin saçýan ekeni. Mango ekilen ýerde tiz wagtyň içinde mangonyň owadan we täsin gülleri miwesi peýda bolýar. Häzirki wagtda Mango miwesini Hindistanda täze binanyň düýbüne şowluluk üçin ekýärler. Mango miwesi köp kişiniň gowy görüp garşylaýan baýramy Täze ýyl baýramçylygynda maşgalada söýgi we agzybirlik höküm sürsin diýen arzuw bilen saçaklara goýýarlar.
Mango miwesi Gündogar Aziýa V asyrda, Ýewropa ýurtlaryna XVI asyrlarda giňden ýaýrap başlaýar. Mango miwesi A, B, C, E witaminlere, şeýle hem Mg, Ca, Fe we Zn ýaly makro we mikroelementlere baý hasaplanýar. Miwäniň yzygider kabul edilmegi ýürek damar ulgamynyň, gözüň görejiniň, saçlaryň we dyrnaklaryň kadaly bolmagyna ýardam edýär. Aýratyn tarapy alymlar mangonyň miwesiniň däl, eýsem, ýapragynyň hem peýdalydygyny subut etdiler. Ýagny ýapraklarynyň mikroflorany gowulandyrmakda we iýmit siňdirmekde aýratyn taraplarynyň bardygyny belleýärler.
Açyk mämişi reňk miwede köp mukdarda karotinoidleriň bardygyny tassyklaýar. Mangonyň düzümindäki karotinoidler sitrus miwe bolan, mandarin bilen deňeşdirende bäş esse köp hasaplanýar. Mango miwesiniň düzüminde ösümlik endorfini – keýpiňi ýokarlandyrýan maddalar bar. Şeýle hem pikirlenmegi işjeňleşdirýär we maglumatlary ýatda saklamagy güýçlendirýär. Miwäniň düzümindäki B6 witamini adamda stresse bolan durnuklylygy ýokarlandyrýar.
Jennet ABDULLAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ 2-nji ýyl talyby.