Siziň üçin...Slider

Bu — dünýädäki ilkinji öýjükli telefon

11-09-2024 / 286

Dünýädäki ilkinji öýjükli telefon «Motorola DynaTAC 8000X» 1983-nji ýylyň sentýabr aýynda çykdy. Emma enjamdan ilkinji jaň has ir edildi. 1973-nji ýylda jübi telefonyny dörediji – inžener Martin Kupere şeýle hormat berildi. 3-nji aprelde telefon «Bell Laboratories»-iň dizaýn bölüminde jyňňyrdady. «Men nireden jaň edýändigimi çaklaň?» diýlen sözleri Martiniň gözleg bölüminiň başlygy Joel Engel telefonda eşitdi. Soňra «Hakyky jübi telefonyndan jaň edýärin» diýen sözler ýaňlandy. Şeýle diýip, Martin Kuper onuň bu innowasion pikiri bilen gyzyklanmadyk bäsdeşlerine degişdi.

On ýyllyk zähmet çekileninden soň, maksada ýetildi. Enjamyň agramy bir kilograma deňdi. Diňe 35 minut zarýad bermezden işledi, ýöne 10 sagat kuwwatlanýardy. Şonuň bilen birlikde, bahasy 3500 amerikan dollaryndan gowrakdy.

Bu ädimler mobil enjamlaryň barha ykjamlaşmagyna tarap ilkinji ädimlerdi.

GDA döwletlerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamy 1991-nji ýyldan başlap döräp başlady. Şol wagtlar iň meşhur brend bu «Motorola» boldy. Fin kompaniýasy «Nokia» bolsa ol wagtlar kän meşhurlyga eýe däldi. Sebäbi onuň enjamlary Motorolanyň enjamlaryndan 3 esse agyrdy. Şol sebäpli «Nokia» kompaniýasy «bilini berk guşady».

«Nokia» kompaniýasy täze aragatnaşyk standartyny (GSM) işläp düzmekde gatnaşdy we bu standartda işleýän birinji telefony hödürledi. Onuň ady «Nokia 1011». Bu telefon dünýädäki birinji GSM ulgamynda işlemeklige ukyply bolan sanly telefondy. Ýewropadaky birinji SMS habarlary üçin maglumatlary işleýän merkez hem «Nokianyň» tagallalary bilen mümkin boldy.

Ilkinji «Motorolanyň» ekranynda diňe bir setir, 1994-nji ýylda çykan Nokia 2110-da bolsa eýýäm üç setir ýerleşdirildi. Ýeri gelende aýtsak, bu enjam belli bir derejede meşhur boldy. 1994 we 1995-nji ýyllar üçin bu ykjam enjamyň mümkinçilikleri gaty uludy: jaň, SMS, kalkulýator, taýmer, jaň sagady. Şeýle hem telefonbelgiler kitabynda 100 ýazgy we 1,4 sagat gepleşik wagty. Aragatnaşyk standarty – GSM 900. Enjam gymmat bahasyna garamazdan, GDA döwletlerinde giňden ulanylýar.

Onýyllyklaryň dowamynda tanyş we söýülýän «Nokia Tune» sazy şol bir enjam bilen geldi – öňünden gurlan köp sanly sazyň arasynda 7-nji görnüş diýlip atlandyrylýan jaň sesi öňem ykjam jaňlar adaty enjamlaryň sesinden tapawutly däldi. «Nokianyň» sazy 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda günde 1,8 milliard gezek ýa-da sekuntda 20000 gezek seslenýärdi.

Aýgözel ILÝASOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň agroekologiya hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu