Hytaýyň günorta böleginde, köplenç, “Daş tokaý” diýlip atlandyrylýan gaty owadan görnüşe eýe bolan karst görnüşleriniň ýerleşýän ýerinde täsin tebigy gözellikleri görmek bolýar.
Bu goraghana birbada üç welaýatyň çägini öz içine alýar: Nanunnan, Guangxi we Guizhou. Bu ýerler wulkan işjeňliginiň, suwuň we ýeliň täsiri astynda ösen täsin karst formasiýalary sebäpli bütin dünýäde tanalýar. Bu ýerde syýahatçylar köpelýän karst depelerine haýran galyp, gyzykly maglumatlary toplap we gizlin gowaklara seredip bilerler, olaryň hersiniň hem özüne çekiji aýratynlyklary bar. Tejribeli syýahatçylar bu goraghanany ýaz paslynyň ahyrynda ýa-da tomusda territoriýasy ýaşyl ösümlikler we güller bilen bezelen mahaly görmegi maslahat berýärler. Bu ýerde daş görnüşleri bilen gurşalan giň ýaşyl çemenlikler bar, goraghananyň bir bölegini owadan tokaýlar eýeleýär.
Häzirki wagtda täsin karst meýdany dünýädäki iň owadan ýerleriň biridir. Onuň emele gelmegine, esasan, bu sebitiň çygly howasy häsiýetlendirilipdir. Käbir gaýalaryň emele gelmegi ösümliklerden düýbünden mahrum, beýlekileri baharyň gelmegi bilen ýaşyl bolup başlaýar. Bu goraghanada görüp boljak käbir peýzažlar düýbünden fantastik we tebigy däl ýaly bolup görünýär. Elbetde, bu ýerdäki köprüleriň, gowaklaryň we çukurlaryň hemmesi tebigy görnüşde emele geldi we muňa ilkinji göreniňde ynanmak gaty kyn.
Ýeri gelende bellesek, bu tokaý Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) gymmatlyklarynyň sanawyna hem girizilendir.
Meýlis HUDAÝNAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.