SliderTehnologiýa

Xiaomi 15 we Xiaomi 15 Pro smartfonlary hödürlener

11-09-2024 / 319

Xiaomi täze Xiaomi 15 we Xiaomi 15 Pro smartfonlaryny oktýabr aýynyň ahyrynda ýa-da noýabr aýynyň başynda, Xiaomi 15 Ultra modelini bolsa 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykarmagy meýilleşdirýär diýip, Gizmochina ýazýar. Şeýle-de bolsa, meşhur «Digital Chat Station» insaýderi flagman baradaky käbir maglumatlary paýlaşdy.

Maglumat beriji Xiaomi 15 Ultra-nyň entek yglan edilmedik Qualcomm Snapdragon 8 Gen 4 prosessori bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.Telefonda iň kiçi çarçuwaly, şeýle-de dört tarapy egri gyraly 2K durulykdaky displeý bolar.Smartfon dört datçikli tegelek görnüşli kamera bölümi, şol sanda 50 megapiksel esasy kamera we datçigi ulaldylan täze periskop moduly bilen üpjün ediler. Insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi 15 Ultra-nyň inženerçilik prototipi deri, aýna süými we keramika ýaly, arka paneliň dürli materiallary bilen synagdan geçirilýär. Deri enjama ýokary derejeli görnüş berýär, ýöne çyzylmaga ýykgyn edýär. Aýna süými oňa ýeňillik we berklik berýär, ýöne sypaýy görünmeýär. Keramika has agyr we urgy görende zaýalanyp biler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu