SliderTehnologiýa

Güýmenje programmalary üçin 3,8 milliard dollar

10-09-2024 / 381

«Appfigures» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ykjam gurluşly ulanyjylar güýmenje programmalary üçin 3,8 milliard dollar sarp etdiler.

Bu mukdardan 2,1 milliard dollar akym programmalarynyň, 0,9 milliard dollar bolsa TikTok ýaly gysga wideo hyzmatlarynyň paýyna düşýär. Akym programmalarynyň girdejisi 2019-njy ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 383% ýokarlanyp, ösüş gazanmagy başarypdyr.

Şeýle-de aýdym-saz programmalarynyň girdejisi 191%, gysga wideo hyzmatlarynyň girdejisi bolsa 1500% ýokarlanypdyr. Gysga wideo hyzmatlarynyň uly ösüşi TikTok-da strimerleri sylaglamak üçin pul harçlaýan ulanyjylaryň köp bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu