8-nji sentýabrda gazak paýtagtyndaky “Astana Arena” stadionynda şu ýyl “Ymgyr sähradaky duşuşyk” şygary astynda geçýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.
Çarwadarlaryň oýunlaryny geçirmek baradaky pikiriň ilkinji gezek Gyrgyzystanda dörändigini bellemek gerek. Merkezi Aziýanyň taryhy çarwa halklarynyň milli oýunlary esasynda guralýan bu iri ýaryşlar häzirki günde dünýäniň çar künjeginden toparlary we gatnaşyjylary bir ýere jemleýär. Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizilendir.
Bu iri sport çäresiniň resmi nyşanynda Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ähli nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan Gün şekilindäki atlynyň şekili ýerleşdirilipdir. Nyşanda hakyk daşynyň nepisligini alamatlandyrýan goýy gyzyl reňk ulanylypdyr. Bu gymmat bahaly daş türkmenleriň we Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň milli şaý-seplerinde giňden ulanylýar. Nyşandaky ýazgylar VIII — X asyrlardaky türki ýazuwyň äheňinde ýerine ýetirilipdir. Gyrgyzystanda geçirilen Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üçüsiniň esasy nyşany suw bolupdy. Bu däp Gazagystanda geçirilýän şu gezekki oýunlarda hem dowam etdirildi.
Şu gezekki ýaryşlarda gatnaşyjylar sportuň 21 görnüşi, şol sanda at çapyşyklary, göreşiň milli görnüşleri, aň-paýhas oýunlary, başa-baş söweşler, ýaýdan ok atmak, el guşlar bilen aw awlamak we beýleki milli oýunlar boýunça 97 medal toplumy ugrunda bäsleşerler. Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda Türkmenistana 29 türgen wekilçilik edýär.
Oýunlaryň maksatnamasynyň çäklerinde etniki medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen ylmy maslahatlar we medeni çäreler hem meýilleşdirilýär. Oýunlaryň ýapylyş dabarasy 13-nji sentýabrda «Kazanat» Merkezi aýlawynda geçiriler. Türkmen türgenlerine bu iri sport ýaryşynda uly ýeňişleri arzuw edýäris!
Gülsenem ALLANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.