
Türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) altyn medala mynasyp boldy. Bu ýurdumyzyň taryhynda erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda gazanylan ilkinji altyn medaldyr.
Alp Arslan Begenjowyň çykyş eden 79 kilograma çenli agram derejesinde 28 türgen bäsleşdi. Ildeşimiz ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi. Ol saýlama tapgyrda eýranly Mahdi Ýusufihajiwardan 10:0 hasabynda üstün çykdy. Soňra ildeşimiz şeýle hasap bilen ukrainaly Oleksandr Mamroşy ýeňmegi başardy. Çärýek finalda belarusly Dmitriý Lukaşçugy ýeňen (10:0) Alp Arslan ýarymfinalda hindistanly türgen Amit Amitadan 11:0 hasabynda üstün çykdy. Ildeşimiz final tutluşygynda hem ynamly ýeňiş gazandy. Ol amerikaly türgen Zakari D Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu agram derejesinde bürünç medallara Mahdi Ýusufihajiwar we braziliýaly Leandro Arauho mynasyp boldy.
Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen türgeni Alp Arslan Begenjowyň bu üstünligi munuň şeýlediginiň aýdyň beýanydyr.
Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň müdiriniň w.w.ýe.ýe.