SliderŽurnalistiň sahypasy

Bail ýa-da daş alma

07-09-2024 / 285

Bail ýa-da daş alma Hindistandan gelip çykandyr. Ol tropiki sebitlerde esasanda, günorta-gündogar Aziýanyň  ähli künjeklerinde giňden ýaýrandyr.

Bailiň ýa-da daş almanyň ýylmanak gabygy bolýar. Onuň miwesi sary, ýaşyl we çal reňklerde bolýar. Miwäniň gabygy örän gaty bolýar. Onuň etini iýmek üçin gabygyny çekiç bilen döwmeli bolýar. Miwäniň gabygynyň şeýle gaty bolanlygy üçin bu miwe başgaça “daş alma” diýlip atlandyrylýar. Gabygyň içinde sary eti we birnäçe tüýli tohumy bolýar.

Daş almanyň miweleri ter görnüşinde we kakadylan görnüşde azyklyk üçin ulanmak bolýar. Daş alma A witamine baý bolýar. Bu witamin bolsa görüşi gowulandyrýar. B witaminleriň topary bolsa nerw ulgamynyň işleýşini  gowulandyrýar. Köplenç bişip ýetişen miwelerden içgi taýýarlanylýar. Baildan taýýarlanýan içgiler gandaky holesteriniň derejesini peseldýär. Bu içgini taýýarlamakda bailden başga-da suw, gant we laýmyň şiresi ulanylýar. 6 litr möçberdäki içgini  taýýarlamak üçin bailiň bir uly miwesi ýeterlik bolýar.

Şasoltan GARÝAGDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçilik fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu