Häzirki wagtda çüýşede kiçi ýyladyşhanalary ýa-da bezeg baglaryny döretmek landşaft dizaýnynda has meşhurlyga eýe. Çüýşede ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek örän gyzykly döredijilik prosesi.
Mundan başga-da, şeýle özboluşly kiçi bag içerki bezegiň hakyky we özboluşly aýratynlygyna öwrüler. Şeýle hem çüýşede ösdürilip ýetişdirilýän ösümligimizi islendik ýerde ýerleşdirip bileris. Çüýşede bag ýetişdirmek köp zähmeti hem talap edýär. Muny ýerine ýetirmek üçin, ilki geljekki dörediljek kompazisiýanyň konteýnerini saýlamaly. Konteýner saýlananda aýna çüýşäniň dürli şekilleri, ululyklary we göwrümleri bolup biler. Aýna gaplarda bezeg hökmünde ösümlikler saklananda, esasan, pes akwarium ýada himiki çüýşeler ulanylýar. Esasy zat gabyň düýbüniň giň bolmagy gerekdir. Mundan başga-da florium näçe giň bolsa, oňa ideg etmek has amatly we aňsat bolýar. Aýna gabyň içine ýerleşdirmeli zatlar: toprak (ýer garyndysy), palçyk, kömür, dürli bezeg daşlary( ownuk daşlar,çagyl,emeli mör-möjekler),ekmek üçin ösümlik,gaýçy, ýiti kesýän kesgiç, ýüp,ikisany uzyn taýak, aýna gaby arassalamak üçin esgi.
Aýna gaba ýerleşdirilende,, ilki bilen, düýbüne 2-3 sm suw guýmaly we üstüne topragy ýerleşdirmeli. Munuň üstüne dürli bezeg daşlaryny öz islegiňe görä ýerleşdirmeli, soňra 0.5-1 sm kömür sepmeli. Soňra üştüne çygly toprak ýerleşdirmeli we topragy adaty ýüp bilen tekizlemeli. Kiçi ýyladyşhana üçin saýlanan ösümlikleriň kök ulgamynyň töwereginden artykmaçlaryny kesip aýyrmaly. Kesilen ýeri kaliý permanganatynyň gowşadylan ergini bilen ýuwmaly. Taýýarlanan ösümligi aýna gaba ýerleşdirmeli we pürküji bilen nemlemeli. Soňra aýna gabyň içini islegiňize görä bezäp bilersiňiz.
Aýna gapdaky ösümlikleriniz çalt ösýän bolsa ony başga gaba geçirmeli bolaýar ýa-da kesim işlerini geçirmeli . Bu aýna gaplarda ýokary çyglylykda ösýän ösümlikleri ekmek has amatly.Biri –biri bilen deň ideg işlerini talap edýän ösümlikleri ekmek ideg işleri geçirilende amatly bolýar.Aýna gaplarda ösümlikleri mümkin boldugyça sazlaşykly saklamaly. Bu gözellik her bir adamyň ünsüni özüne çekýär.
Žahan MIRABOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.