Düýn — 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi.
Asylly däbe görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan bol hasyly dileg edip, bugdaý tohumlaryny topraga sepdiler hem-de nobaty mehanizatorlara geçirdiler.
Ýurdumyzyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin niýetlenen ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlap, möwsüme jogapkärli çemeleşdiler. Ekişe bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri taýýarlanyldy.
Bugdaý ekişiniň badalga almagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm”, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň “Batly mülkdar” daýhan hojalyklarynda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmäge, bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny öz wagtynda berjaý etmäge we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi daýhanlaryň bu möhüm oba hojalyk ekininden bol hasyl öndürmeklerinde wajyp ähmiýete eýedir.
Şeýle-de ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň we döwrebap tehnikalaryň sergisi guralyp, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.