Ömür
Irden synladym Günüň doguşyn,
Öýlän synladym onuň ýanyşyn,
Agşam synladym onuň ýaşyşyn.
Üçüsem ajap. Şeýdip dogulsyn,
Şeýdip ýaşalsyn,
Şeýdip ýaşalsyn.
* * *
Deňeşdirip gördüm iki çanagy:
Bir çanaga bir çanaklyk çal sygdy.
Ýaşasyn, ýaşasyn kelle çanagy ―
Içine müň jogap, müň sowal sygdy.
Deňeşdirip gördüm iki saçagy:
Bir saçaga ― bir saçaklyk nan sygdy.
Ýaşasyn, ýaşasyn göwün saçagy
Bir saçak başyna müň myhman sygdy.
Deňeşdirip gördüm iki nokady:
Bir nokada ― bir nokatlyk san sygdy.
Ýaşasyn, ýaşasyn göreç nokady
Her nokat içine Ýer, Asman sygdy.
* * *
Ýaşlyk ýyllarynyň albomyndan bir oýnam öwrenje setir
Dünýäde bir gezek ogurlyk etseň.
Seniň günäň bagyşlanýar diýseler ―
Göni size tarap dogrulardym men,
Seni ogurlardym men…
* * *
Dehlewiniň 700 ýyllygynda Dehlewiçe dörän setirler
Seniň gözleriňden ganyp bilemok.
Megerem, bu dertden eräp giderin.
Gijeler gözüme uky gelenok,
Gözýaşym gutaryp gurap giderin.
Öwlýä Sen. Daşyňda pyrlanyp ýörün.
Kowsaň-da, maslygmy süýräp giderin.
Ähdi-peýman diýmek ― iman diýmekdir,
Ähdiňden dänäýseň niräk giderin?
Adyň dilde bolsa ― bahylyň-da köp,
Dilde men niçiksi gaýrak giderin?
Ýok, ýok, maňa ýatdyr gaýra diýen zat,
Gitsem-de ilerik köräp giderin.
Seni iki dünýä çalyşmaryn men,
Egnimi egniňe diräp giderin.
Birden öläýsem-de,
Seň ysyň alsam ―
Ýene-de dirilip, ýöräp giderin.
Adam iki gezek inermiş dünýä.
Çynmyka? Jogabyn durlap giderin.
Ýeke gezek bolsa, menem boş gitsem ―
Dünýäden çaga dek çyrlap giderin.
Sen ähdiňde dursaň, şahyram durar.
Seni müň beladan gorap giderin.
Bürgüde duşduňmy ― bürgüt hem bolgun!
Serçä dönäýdigiň ―
parlap giderin!
* * *
Ähli gözel zatlar ― hemişe beýik,
Ähli beýik zatlar ― hemişe gözel.
Gözellik gatyşyp beýiklik bilen
Ýer ýüzünde adam döräpdir ozal.
Ähli sada zatlar ― hemişe beýik,
Ähli beýik zatlar ― hemişe sada.
Sadalyk gatyşyp beýiklik bilen
Genileri döredipdir dünýäde.
Kerim GURBANNEPESOW.