Göwün küýsegiSlider

Ynha, ýene bosagada sentýabr!

Poeziýa minutlary

02-09-2024 / 723

Bir süýjüje duýgy dolup ýürege,
Başly-barat oýlar täsin tijener.
Uzaltmaga aşyklaryň söhbedin,
Gör-ä, kem-kem uzap barýar gijeler.

Arzuwçylja alty ýaşly körpejäň
Mekdebe howlugşyn, tolgunşyn synlap,
Diýýän: «Garaşmaklyk neneň ýakymly»,
Diýýän: «Garaşmaklyk neneňsi kyn zat».

Ah, akja dişleri gädigem bolsa,
Dünýäsi şeýle bir doludyr olaň.
Kindiwanja, çepiksije, eýjejik…
Hersi uly dünýä ýalydyr olar.

Talyplyk bagtyny gujaklap barýan
ýaşlar bilen göwnüm göge göç urar.
Her ýyl güýz gelende, derýa deý akýan
ýaşlar bilen görke gelýär köçeler.

Baglar toý pişmesin seçer çar ýana,
Bagt derýasy tereňlener, durlanar.
Göýä toý buşlugyn dünýä ýaýmaga
Ýene gökde nyzam gurar durnalar.

Bir mähriban dostuň salam haty deý,
Paýhasly gojadan pähim-pent ýa bir?!
Ynha, ýene bosagada tylla güýz,
Ynha, ýene bosagada sentýabr!

Kakamyrat REJEBOW.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu