«Ökde okuwçy», «Zehinli okuwçy» diýen düşünjeler bilen birlikde «Bäşlikçi okuwçy» hem ýörgünlidir. Okuwa ýetişigi gowy okuwçylaryň islendik birinden bilim derejesi barada sorasaň, ol: «Men bäşlikçi okuwçy» diýip, buýsanç bilen aýdar. Eýsem, ähli derslerden ýetişigi ýokary derejedäki okuwçylaryň hemmesi bäşlikçimikä?! Bu gaty bir beýle-de däl, ýagny Çehiýada iň gowy baha 1-lik, iň ýaramaz baha bolsa 5-lik hasaplanylýar. Fransiýada bolsa baha ölçegleri 20 bala çenli uzaýar. Diýmek, bu ýurtlarda (hatda başga-da käbir ýurtlarda) «bäşlikçi» diýen düşünje biziň pikir edýän manymyzy bermeýär.
«TürkmenGazet».