Ir säher guşlaryň jagyl-da-jugul seslerini eşidip oýanamda, daň ýaňy tilkiguýruk bolan eken. Golaýdan horazyň sesi eşidildi, ol üç öwra gygyrdy. Üçüsinde-de şeýle bir yhlas bilen gygyrdy welin, bolsa-da, maňa: «Bo-ho, bokurdagy ýyrtylmadyk bolsa-da biridir» diýdirdi. Ýogsa-da, özüne näçe zor salsa-da, ol horazyň garrandygy mese-mälim bildirip dur, sesiniň öňki durulygy galmandyr.
Şeýle oýlara gümra bolup otyrkam, gögele oglan döwrümde wäşi gojalardan eşiden bir hekaýatym serimde köwsarlady: Öňde bir ýaşuly bolup, oňa Gökgöz aga diýer ekenler. Onuň birnäçe towugy bilen owadan gyzyl horazy bar eken. Meşhur basnýaçy şahyr Ata Salyh aýtmyşlaýyn: «Şagal bir gün ajykdy, awuň gözlegine çykdy» diýleni bolup, garaňky gijeleriň birinde bir aç şagal gelip, onuň towuklaryny ogurlamaga gözüni dikip, ketege sümülmekçi bolan. Ogry şagalyň bet pyglyny aýny wagtynda aňan gyzyl kekeçli horaz howatyrlanyp, öz ýanyndan: «Dur entek, seniň gözüňe görkezerin!» diýipdir-de, gojany oýarmak, bu howply ýagdaýy oňa habar bermek üçin tumşugyny göge tutup: «Gök-göz-aga — Gök-göz-aga…» diýip, bogazyna sygdygyndan, ala-zenzele turuzyp gygyrmaga başlanmyş. Biwagt çagy ýaňlanan bu sese allaniçigsi bolan Gökgöz aga derhal eline taýak alyp, ýaňky ogry şagalyň merkini berip kowanmyş. Şeýlelikde, ýaglyja etden agzy ýagjarmadyk aç şagalyň «arzyly» hyýaly pak çykypdyr. Ine, şondan bäri-de horaz janawar her saba-säher daň agaryp, tilkiguýruk boluberende, yzly-yzyna: «Gök-göz-aga» diýip, gygyryp adamlary örüzýärmiş. Wäşi gojalar bälçiräp gürrüň berseler-de, dogrudanam, mazalyja üns berip diňläniňde, horazyň gygyryşy hem: «Gök-göz-aga» diýen ýalyrak eşidilýär. Belli çagalar şahyry Aky Baýmyradowyň «Gurbagalar» atly goşgusyny:
Ýyldyzlaryň nury öçüp,
Daň ýeňseden agaranda.
«Gökgöz agaň» adyn tutup,
Ýene horaz gygyranda —
diýip başlamagy hem şu hekaýat bilen baglanyşyklydyr.
Ýogsa-da, bu öý guşunyň «horaz» diýen ady nämeden galdyka? Janly-jandarlar bilen gyzyklanyp, bu ugurda iş alyp barýan bilermenleriň aýtmagyna görä, Müsür mifologiýasyndaky dilleriň aglabasynda Günüň adyny aňladýan «Hor», «Hors» sözleri türkmen dilindäki «gor — köz — çog» sözlerine gabat gelýär. Bu sözüň adamzadyň gadymy döwürlerdäki Gün ygtykady bilen baglanyşykly dörändigi ylmy çeşmelerde ykrar edilýär. Horaz Günüň ýyllyk hem gije-gündizlik mütdetinde «ýolbelet» bolupdyr. Ine, şu ýerdenem «Horasan», «Horezm» welaýatlarynyň atlary emele gelip, «Gündogar», «Güneşli ülke» diýen mana eýe bolupdyr. Geçmişde pederlerimiz bu guşy «tala», «hurus» diýibem atlandyrypdyrlar. Magtymguly Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azady öz eserinde onuň adyny “hurus” görnüşinde ulanyp: «Anyň täji hurus täji tek olgaý,//Bilenler bu nyşana birle bilgeý» diýip belleýär.
Käbir adamlar aýyn bolmasa: «Horaz diýilýän janawaryň iki aýagyny düýlüp, garaňky jaýa taşlasaň hem belli bir wagtda gygyrar» diýýärler. Onsoňam, «Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz» diýleni. Ýogsa-da, günüň dowamynda horazyň birnäçe gezek gygyrmagy tebigatyň kanuny ýaly bolup görünse-de, munuň hem özüne ýetesi «çöpjagazy» bar. Onuň sebäbi, birinjiden-ä, öz garamagyndaky towuklaryň, barça haýwan-u-ynsanlaryň ünsüni özüne çekmekden, ikinjidenem, ýüze çykan howply hem şatlykly ýagdaýlary habar bermekden, üçünjiden, beýleki horazlara öz eýeleýän çägini aýan etmekden ybaratdyr. Janly-jandarlaryň aglabasynda gije-gündiziň aýlawyny yzarlaýan işjeňlik ritm-sazlaşygy bar. Hünärmenleriň geçiren barlaglaryna görä, horazlaryň biologik sagady säher bilen oýanyp, begenjini äleme jar etmegini üpjün edýär.
«Başy darak ýaly, guýrugy orak ýaly» diýlip matal edilýän horazlar örän hüşgär guşdur. Özlerem, haçan görseň, höküm sürýän çäginde hüžžerilip, goňşy howludaky horazlardan öz maşgalasyndaky towukdyr jüýjeleri gabanyp, goraglap gezýär. Bardy-geldi, del horaza duşaýdygy, oňa topular-da, mazalyja ýolmalap, petigulusyny berip, dagy-duwara öz çägine aýak sekmez ýaly edäýer.
Jüýjelikden saýlanan horaz 5-6 aýlykda ekezlenip, gygyryp başlaýar. Heniz çaga döwürlerimiz deň-duş oglanjyklar bilen başymyz birikse, bezzatlyk edip biri-birimizi hürsekleşip başlardyk. Ana şonda, enem pahyr: «Näme, ýöne jüýje horaz ýaly, çatlyşsaňyz ýolmalaşjak bolşup dursuňyz-la! Dawaňyzyň nämedigini maňa-da aýdyň ahyryn? Ýogsa-da, besdir indi, oturyň, akyllyja boluň!» diýip, süýjüje käýärdi.
Türkmeniň her 12 ýyldan bir gezek gaýtalanýan müçenamasynyň onunjysy takyk — towuk ýyly diýlip atlandyrylýar. Ýöne Aziýa döwletleriniň arasynda türkmenlerden özgesinde gürrüň adaty horaz barada gidýär. Başgaça aýtsak, bu guş hakyndaky maglumatlaryň ählisi türkmenlerde köp babatda towuga garanyňda, horaza degişlidir.
Horaz täze Günüň dogşuny gaýtaryp beriji, dünýäniň gadymy ýazgylarynda Hudaý tarapyn daň şapagy, gadymy halklarda asman hem-de Gün bilen baglanyşykly Allatagalanyň nazar salan guşy hökmünde meşhur bolupdyr. Türkmen ygtykadynyň gadymy otparazçylyk döwrüniň dünýägaraýşyna görä, horaz mukaddes guş saýylypdyr. Ol öz säher çagyndaky «aýdymy» bilen tümlügi kowup, Günüň dogşuny ilkinji bolup garşylap, ony tutuş äleme buşlaýar. Jelaleddin Rumy: «Towuk öň döräpmi, ýumurtga?» diýen sowala: «Horaz» diýip jogap beripdir. Adamlara iki zadyň arasyndaky jedel babatda sowal berlende, pikiriň diňe şol zada gönügýändigi, üçünji biriniň kelläňe gelmeýändigi aýdyň. Beýlekilerden akyl babatda örüsi giň Rumy bolsa bu sowala adatdakylardan başgaça jogap beripdir.
Ornitolog alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, adamlar 7 müň ýyl çemesi mundan ozal horazdyr towugy eldekileşdirip başlapdyrlar. Bu pişä Günorta-Gündogar Aziýada ýaşaýan ilat ilkinjileriň hatarynda girişip, jeňňellerdäki ýabany horazdyr towuklary öý şertlerine uýgunlaşdyrypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, towugyň ýumurtgasynyň, etiniň iýmit hökmünde ýaramlydygy, özem, ýokumly tagamdygy üçin olary öý şertlerinde köpeldip başlapdyrlar. Alymlar bu guşuň gözleriniň kellesiniň iki tarapynda ýerleşmegi, olara diňe bir öňündäki däl, eýsem, gapdalyndadyr arka tarapynda näme bolup geçýändigini-de görmäge-duýmaga, duşmanlaryndan goranmaga tekge berýändigini aýdýarlar. Şeýle-de bu guşlaryň beýnisiniň ýarymşarynyň ukuda wagty, beýleki tarapynyň oýa bolýandygy ilik-düwme öwrenilipdir.
Türkmenistanyň çäginde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde, ir döwürlerde keramikadan, faýansdan ýasalan önümleriň ýüzüne horazyň şekiliniň çekilendigi anyklanyldy. Bu döredijilik däbi gadymy döwürlerden giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir diýlip çaklanylýar. Gäwürgaladan (ХIII asyr) tapylan horazyň kellesiniň şekilinde ýasalan keramiki gap we Ýartydepeden tapylan, ýüzüne iki kelleli horazyň şekili çekilen toýun gapdyr beýleki tapyndylar bu agzalan däpleriň aýdyň mysalydyr.
Horaz bilen bagly ynançlar, tutuş Merkezi Aziýada bolşy ýaly, gadymy türkmen sungatynda hem öz beýanyny tapypdyr. Häzirki zaman alymlarynyň ylmy işlerinde Pendi ýaýlasynda, esasan-da, Ýolötende täze öýler gurlanda, onuň ýokarsynda ýüzüne horazyň şekili salnan ýüpek matanyň ýa-da halynyň daňlyp goýlandygy nygtalýar. Gelin-gyzlar Nowruzda, toý-baýramlarda öz bagtyny synap görmek üçin aýdýan monjugatdylarynda:
Aý-aýdyňdyr bu gije,
Gyzlar atarlar bije.
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy horaz-jüýje —
diýip, bu oýnuň naýbaşy baýragynyň horaz-jüýjedigini ýaňzydypdyrlar. Ýogsa-da, horazdyr towuk nesil emele getirijiler hasaplanýar. Olaryň ýeleklerini täze gelen gelniň maňlaýlygyndaky bezege berkidipdirler. Gyzlaryň tahýalaryna, kümüş gupbalaryna dakypdyrlar. Bu däp türkmen tire-taýpalarynyň aglabasyna ýaýrapdyr. «Yrymly — yrylmaz» diýlişi ýaly, «Gün guşlarynyň» ýelegi, türkmenleriň ynanjyna görä, howp-hatardan, barça görüner-u-görünmez bela-beterlerden, gözden-dilden aman saklamak üçin yrym edilip göterilipdir.
Öňräkki ýyllarda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow bilen mesawy gürrüň edip otyrkak, söhbedimiz horazdyr towuk etleriniň aýratynlyklary baradaky söhbede ýazdy.
— Kakam pahyryň beren gürrüňine görä, gum obalarynyň birinde dermanlyk ot-çöpleri ýygnaýan belli tebip bolupdyr. Diňe oba adamlary däl, Murgapdyr Pendi sebitlerinden hem dertli kişiler şol tebipden haraý isläp barypdyrlar. Peýda-da tapypdyrlar. Günleriň birinde iki sany ýetginjek söýget berip, boýny almanyň sapagyna dönen kişini tebibiň alnyna getiripdir. Ol syrkawyň reňkiniň sargyltlygy Güne ýanan gawuna çalymdaş, diňe sulbasy galyp, içinde demi bar diýýär. Goja tebip birbada ony görüp haýygypdyr-da, syrkawy gepletmek isläp: — Näme boldy, oglum? — diýip sorapdyr.
— Agyr syrkawlap, köp efgan çekdim!
— Muny keşbiň aýdyp dur. Şu wagt niräň agyrýar?
— Häzir bärime bakdym, şu wagtam bogunlarym agyrýar. Başym aýlanýar. Ysgyna gelip bilemok!
— Äh-ä, asyl şeýlemi, düşnükli! Onuň ýaly bolsa, sen inim, aldygyna horaz çorbasyny iýip, miwe suwundan içiber bakaly, nesip bolsa, bir hepdeden gulanalma bolar ötägidersiň! — diýip, tebip sargyt edipdir. Dogrudanam, horaz çorbasyndan ganan syrkaw ýigit sähelçe günden soň derdinden saplanypdyr. Gojalar: «Bäri bakan hassany horaz jüýjeli unaş düzeder» hem diýerdiler. Asyl, horaz bilen towugyň etiniň arasynda-da tapawut bar eken-ow! — diýip, Nobatguly aga sözüni jemläpdi.
Lukman Hekim: «Bogazyňyz agyranda horaz çorbasyndan peýdalanyň!» diýip, nesillere sargyt edipdir. Hemişeler jarçylardyr bagşylar toý gününde märekäniň öňüne çykmazdan öň, ýaglyja horaz çorbasyny içipdirler. Ajydan, süýjüden bokurdaklaryny gorapdyrlar. Umuman, Gündogarda iň owadan sesi horazyň sesine meňzedipdirler. «Awestada» hem: «Horazyň sesi bilen deň oýansaňyz, rysgalyňyz artar!» diýen setirlere duşmak bolýar.
Hawa, «Horaz köp ýerde daň tiz atar» diýlişi ýaly, älemiň ýüzünden tümlük perdesi syryldy-da, daň atdy. Säheriň asuda ümsümligini bozup, wagtyna jür horazlar gygyryşyp, ýene-de bir bagtyýar günüň dogup gelýändigini buşladylar. Ine, şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir sahypasy açyldy-da, sag-aman örenimize monça bolduk. Säherleriň azan sesine ýugrulyp gelýän her güni ýagşylyga, haýyr-sogaba beslemek bolsa biziň her birimiziň özümize bagly.