Habarlar

Samarkantda «Şark taronalari» atly XIII Halkara festiwal geçirilýär

29-08-2024 / 51

26-njy awgustda Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogaryň mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly dabaraly açyldy. Ol Merkezi Aziýanyň iri festiwallarynyň biri bolup, ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçýär hem-de öz meýdançasynda dünýäniň 70-den gowrak ýurtlaryndan ussatlary bir ýere jemledi. Festiwalyň baş maksady milli saz sungatynyň gazananlaryny görkezmekden, halklaryň medeniýetlerini we däplerini goramakdan hem-de ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem ol aýdym-saz ulgamynda zehinli ýaşlary goldamaga, halkara döredijilik aragatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de parahatçylyk, dostluk we özara düşünişmek maksatlaryny wagyz etmäge gönükdirilendir.

Açylyş dabarasyna ÝUNESKO-dan, TÜRKSOÝ-dan, Türki medeniýeti we mirasy gaznasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan hem-de beýleki guramalardan hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Festiwalda biziň ýurdumyza M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Saparmyrat Amanmyradow (gyjak), Türkmenistanyň at gazanan artisti, halk saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy Omar Igamow hem-de TMK-nyň 4-nji ýyl talyby Allamyrat Muhammetgulyýew (gargy tüýdük) wekilçilik etdiler.

Saz forumynyň baý maksatnamasy artistleriň Samarkandyň dürli meýdançalarynda çykyş etmeklerini hem-de «Gündogar halklarynyň saz medeniýeti: ählumumylaşma işlerinde döredijilik taýdan ýakynlaşmagyň ýörelgeleri» atly maslahatyň geçirilmegini özünde jemleýär. Mundan başga-da, iki ugry: halk aýdym-sazlarynyň hünär (nusgawy) ugruny, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň döredijiligine esaslanan aýdym-saz ugruny gurşap alýan bäsleşik guraldy.

«Şark taronalari» atly halkara festiwaly 30-njy awgustda tamamlanar. Gala-konsert hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy wakanyň jemleýji bölegine öwrüler.

Annagül JUMAŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu